Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 12.06.2019
950

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz öz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, gazak Liderini Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gutlaglar hem-de hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Türkmenistan bilen dostluk gatnaşyklaryna hemişe ygrarlydygyny tassyklady. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmak, düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şunda özara tagallalaryň birleşdirilmeginde has uly kuwwata eýe bolan ulgamlara aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda, ulag-aragatnaşyk toplumynda, nebitgaz senagatynda, oba hojalygynda hem-de beýleki pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem giňeltmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Munuň özi sebit we sebitara derejede täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döredýär. Şeýle hem netijeli ynsanperwer gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň ähmiýeti nygtaldy. Munuň özi türkmen we gazak halklarynyň medeni hem-de ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelen taryhy umumylygy bilen berk baglanyşyklydyr. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda iki ýurduň iri halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde tutuş dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, oňyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhleti diplomatik ýollar boýunça ylalaşylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda iki ýurduň Liderleri netijeli döwletara hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça geljekde hem pugtalandyryljakdygyna hem-de giňeldiljekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň we Gazagystanyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

Soňky habarlar
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
top-arrow