Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlaýarlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Oraza aýynyň gelmegi bilen gutlaýarlar
Çap edildi 07.05.2019
927

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, MOHAMMED VI, Marokkonyň Patyşasy. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz, Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden we mähirli gutlaglarymy iberýärin. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, türkmen halkyna rowaçlyk we gülläp ösüş, ähli musulman ymmatyna abadançylyk dileg edýärin. Meniň doganlyk arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin. Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH, Kuweýt Döwletiniň Emiri. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iň mähirli arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma döredýär. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size ýagşylyk hem-de abadançylyk, ähli musulman ymmatyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk dileg edýärin. Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, mähirli dostlugymy we hormatymy kabul ediň! Siziň doganyňyz, Mohammed bin Raşid AL MAKTUM, Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iň mähirli gutlaglarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma döredýär. Gudraty Güýçli Allatagaladan Size ýagşylyk hem-de abadançylyk, ähli musulman ymmatyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk dileýärin. Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy, mähirli dostlugymy we hormatymy kabul ediň! Siziň doganyňyz, Mohammed bin Zaýed AL-NAHAÝAN, Abu-Dabiniň mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Siziň Alyhezretiňize musulman ymmaty üçin nurana we mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek mende ýakymly duýgulary döredýär. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de iki halkyň özara düşünişmeginiň we işjeň hyzmatdaşlygyň bähbidine ösdüriljekdigine, şeýle hem onuň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etjekdigine ynam bildirýärin. Şu nurana günlerde Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, täze üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we abadançylyk dileg edýärin! Çuňňur hormatlamak bilen, Şawkat MIRZIÝOÝEW, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy ibermek mende kanagatlanma duýgusyny döredýär. Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa hoşniýetlilik we abadançylyk, şeýle hem tutuş musulman ymmatyna rowaçlyk we gülläp ösüş dileg edýärin. Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de dostluk we Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň! Siziň doganyňyz, Halifa bin Zaýed Al-NAHAÝAN, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti. *** Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Palestina Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, şeýle hem dostlukly türkmen halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy uly şatlyk bilen iberýärin. Beýik Biribaryň Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, dostlukly türkmen halkyna üstünlik we rowaçlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we agzybirlik eçilmegini dileg edýärin. Meniň mähirli gutlaglarymy kabul ediň! Mahmud ABBAS, Palestina Döwletiniň Prezidenti.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow