Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen
Syýasy habarlar
Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen
Çap edildi 07.05.2019
1010

Şu gün paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň käbir döwlet düzümleriniň, şol sanda esasy pudaklaýyn ministrlikleriň we dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, RF-iň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi. Toparyň taraplarynyň başlyklary duşuşygy açmak bilen, ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösýän hem-de deňhukukly we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Iki ýurduň Baştutanlarynyň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýy, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň däbe öwrülen döwletara gatnaşyklary ileri tutulýan ugurlary nazara almak bilen, täze belentlige çykarmaga üýtgewsiz taýýardygy netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýar. Mejlise gatnaşyjylar birnäçe ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini belläp, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary hem-de hyzmatdaşlygyň eýe bolan uly mümkinçiliklerini iş ýüzünde amala aşyrmakda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň ähmiýetli ornuny bellediler. Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň şu günki ýagdaýy we geljegi, ýerine ýetirilen işleriň jemleri bilen bagly meseleler girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny, oba hojalygyny, ykdysadyýetiň sanlaşdyrylmagyny we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Russiýanyň kompaniýalarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan, senagat pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ylmy işi talap edýän önümçilikleri döretmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary nazara almak bilen, Türkmenistanda dürli ugurlarda amala aşyrylýan taslamalara uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Iki ýurduň işewür toparlarynyň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak hem-de onuň sanawyny giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň çäklerinde, ynsanperwer hem-de ylmy tehnologiýa ulgamlarda özara gatnaşyklaryň berkidilmegi, hususan-da, bilim, ylym we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynda däbe öwrülen gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegi ugrunda çykyş etdiler. Soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan türkmen-rus sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine hem seredildi. Bu gün Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň we edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Şolaryň hatarynda Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlowsk oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri hem-de beýlekiler bar. Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine berýän ünsi hem-de Aşgabatda toparyň mejlisini üstünlikli geçirmek babatda döredilen şertler üçin hoşallyk sözlerini beýan edip, şu günki işewür duşuşygyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine täze itergi berjekdigini bellediler. Duşuşygyň jemleri boýunça, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň on birinji mejlisiniň Teswirnamasyndan başga-da, Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan bilelikdäki geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Astrahan oblastynyň (Russiýa Federasiýasy) Hökümetiniň arasynda Ähtnama, Türkmen hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen S.A.Gerasimow adyndaky Bütinrussiýa döwlet kinematografiýa institutynyň arasynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Gelmgols adyndaky Moskwa göz keselleriniň ylmy-barlag instituty federal döwlet býujet edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
top-arrow