Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady
Çap edildi 01.05.2019
1160

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Naruhitony Ýaponiýanyň Imperatory hökmünde tagta geçmegi mynasybetli, oňa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Milli Liderimiz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça yzygiderli pugtalanýan we kämilleşýän gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemegiň guwandyryjydygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iki ýurduň ägirt uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge Türkmenistanyň taýýardygyny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Ýaponiýanyň Imperatoryna berk jan saglyk, şahsy bagtyýarlyk we abadançylyk, Ýaponiýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylygy, öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow