Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Bahreýniň Patyşasy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň barha ösdüriljekdigne ynam bildirdi
Syýasy habarlar
Bahreýniň Patyşasy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň barha ösdüriljekdigne ynam bildirdi
Çap edildi 30.04.2019
1153

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti doganym Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiziň biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ugrundaky tagallalaryňyza ýokary baha bermek bilen, Size iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn hem-de Beýik Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize üstünlik we rowaçlyk dileýärin. Şeýle-de, Bahreýn Patyşalygynda geçirilen «MARA’EE — 2019» atly festiwalyna Türkmenistandan at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşandygy üçin Siziň Alyhezretiňize hoşallyk bildirýärin. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini we berkligini, şeýle hem bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de iki doganlyk halkyň bähbidine has-da giňeldilmegine aýratyn üns berilýändigini görkezdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň ajaýyp ýurduňyza ýakynda amala aşyran saparymyň dowamynda görkezilen myhmansöýerlige çuňňur hoşallyk bildirýärin we netijeli gepleşikleriň geçirilendigine ýokary baha berýärin. Geçirilen duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp ugurlar boýunça ösdürilmegine hem-de gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn. Siziň Alyhezretiňize we doganlyk türkmen halkyna Gudraty Güýçli Allatagaladan ösüş hem-de rowaçlyk dileg edýärin. Siziň doganyňyz Hamad Bin Isa Al Halifa, Bahreýniň Patyşasy

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow