Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn Patyşalygynyň at ýaryşlary federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn Patyşalygynyň at ýaryşlary federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 28.04.2019
1109

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bahreýn Patyşalygynyň Daşky gurşaw boýunça Ýokary geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Patyşalyk atçylyk we at ýaryşlary federasiýasynyň prezidenti Şeýh Faýsal Ben Raşid Ben Isa Al-Halifany kabul etdi. Myhman Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi. Duşuşmaga wagt tapandygy hem-de atçylyk we atçylyk sporty ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyzy baýramçylyk bilen gutlady. Baýramçylyk bu ulgamda Türkmenistanyň gazanan ýokary üstünliklerini görkezip, möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döretmek bilen gadymy türkmen topragynda pudagyň ussat hünärmenlerini birleşdirdi. Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şöhratly behişdi bedewleriň watany bolan ýurdumyzda milli atşynaslyk däplerini gorap saklamaga we köpeltmäge, dünýäde bu täsin tohum atlary giňden wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Atçylyk sportunyň häzirki zaman görnüşleri babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, atçylyk sporty ahalteke bedewleriniň ajaýyp aýratynlygy bolan ýyndamlyk häsiýetlerini synamagyň we ösdürmegiň usuly hökmünde türkmenlerde gadymdan bäri ösdürilip gelinýär. Ýurdumyz bu ugurda netijeli gatnaşyk etmek üçin açykdyr we arassa ganly arap bedewleri ösdürilip gelinýän hem-de atçylyk sporty öňden gelýän däplere eýe bolan Bahreýniň tejribesi belli bir derejede gyzyklanma döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Öz nobatynda Şeýh Faýsal Ben Raşid Ben Isa Al-Halifa Türkmenistanda döredilen ýörite ugurly düzümleriň iň ýokary derejedäki halkara ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýändigini belledi. At çapyşyklary we atçylyk sport ýaryşlaryny guramak üçin dünýä ölçegleriniň derejesinde enjamlaşdyrylan Halkara ahalteke we Aşgabat atçylyk sport toplumlary munuň aýdyň mysalydyr. Duşuşygyň ahyrynda myhman döwlet Baştutanymyzy ajaýyp baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, milli Liderimize hem-de ýurdumyzyň ähli halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we beýik maksatlara ýetmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow