Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 26.04.2019
1080

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak hem-de atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, assosiasiýanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky X mejlisini 2020-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirmek bellenildi. * * * Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk hem dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de ýer ýüzünde atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, assosiasiýanyň agzalarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, assosiasiýanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna degişli ýuridiki hem-de fiziki şahslar kabul edildi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow