Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen türgenleri Ýewropa çempionatynda medallara mynasyp boldular
Sport
Türkmen türgenleri Ýewropa çempionatynda medallara mynasyp boldular
Çap edildi 25.04.2019
5433

Harkow şäherinde (Ukraina) 22 — 26-njy aprel aralygynda taýboks we garyşyk başa-baş tutluşyklar boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa 10 döwletiň toparlary, şeýle hem 16 türgenden ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndy topary gatnaşdy. Biziň türgenlerimiz ýaryşlaryň barşynda gowy çykyş edip, ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler we baýrakly orunlary eýelediler. 6-njy synp okuwçysy Seýdulla Akmämmedow 45 kilogram agram derejesinde,10-njy synp okuwçysy Sapar Amangeldiýew (50 kg), 11-nji synp okuwçysy Maksat Rejepow (60 kg), Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Bahram Orazmämmedow (60 kg), Taýboks we garyşyk söweş sungatlary federasiýasynyň wekili Merdan Pirmedow (77 kg), Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Döwran Ataýew 84 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medallara mynasyp boldular. 11-nji synp okuwçysy Ysmaýyl Döwletow 55 kilogram agram derejesinde, Taýboks we garyşyk söweş sungatlary federasiýasynyň türgeni Rüstem Hudaýkuliýew (56 kg), Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Kemal Döwletow (70 kg), 10-njy synp okuwçysy Begzada Meredow (75 kg) agram derejesinde çykyş edip, kümüş medallara mynasyp boldular. 10-njy synp okuwçysy Tirkeşgeldi Garajaýew, Taýboks we garyşyk söweş sungatlary federasiýasynyň türgenleri Batyr Baýramgeldiýew (60 kg) we Ara Ýegenow (70 kg), 8-nji synp okuwçysy Adyl Sähedow (65 kg), Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Mekan Jumabaýew (70 kg), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Döwran Baýramsähedow 75 kilogramdan ýokary agram derejede çykyş edip, 3-nji orunlary eýelediler. Ýaryşlaryň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 2-nji orny eýeleýär.

Soňky habarlar
04.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
04.11
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatynda awtomobil ýolunyň, senagat kärhanalarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryndaky ÇYKYŞY
04.11
Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän toplum gurlar
04.11
Zähmet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
04.11
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara gowuşdy
03.11
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa Respublikasynyň Federal Geňeşiniň başlygyny kabul etdi
03.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
03.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
03.11
Gurluşyk we senagat toplumynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum
top-arrow