Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Çap edildi 26.04.2019
1029

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny we atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini ösdürmek, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohumçylygyny kämilleşdirmek we baş sanyny artdyrmak, bu ugurda daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, atlary ösdürip ýetişdirmekde hem-de olaryň baş sanyny artdyrmakda, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ösdürmekde has ýokary netijeleri gazanandyklaryny, hünär ussatlygyny we uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin: Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly: Aşgabat şäherinden hususy atşynas Durdymuhammet Kakabaýewiç Mergenowa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň seýsi Derýamyrat Gurbanmyradowiç Saparowa, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Ybyk obasyndan hususy atşynas Tahyr Täçmyradowiç Amanmyradowa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Daşoguz Döwlet athanasynyň tälimçisi Ýanberdi Täžibaýewe, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Ibragim Çarykulyýewiç Hudaýnazarowa, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Pendi geňeşliginden hususy atşynas Baýramgeldi Aşyrowiç Aşykgulyýewe. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow