Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň ilçisi işe başlady
Çap edildi 23.04.2019
1169

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kasym Mohamed Salim Al Salhiden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Omanyň ilçisini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi, öz nobatynda, hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kuwwatyny artdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny aýtdy. Duşuşygyň barşynda ilçä Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek onuň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem jenap Kasym Mohamed Salim Al Salhi Mejlisiň düzümi we köptaraplaýyn işi bilen tanyşdyryldy. Omanyň ilçisi öz ýurdunyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary giňeltmäge, şol sanda söwda, işewür we medeni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirilýändigini belledi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen-oman hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge taýýarlygyň bardygy bellenildi. * * * Düýn Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri barada gyzyklanma bilen pikir alşyldy. Şeýle hem beýleki käbir ministrliklerde we edaralarda duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow