Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistan — Fransiýa: özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi
Syýasy habarlar
Türkmenistan — Fransiýa: özara bähbitli işewür hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegi
Çap edildi 15.04.2019
1236

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuanyň baştutanlygyndaky uly wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlise iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Taraplaryň baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini we artýan depginini kanagatlanma bilen nygtap, Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde hökümetara toparyň eýeleýän ornuny bellediler. Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, nobatdaky mejlisiň netijeleriniň özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine ýardam berjekdigini belledi. Toparyň agzalary ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça alnyp barlan işleriň netijelerine oňyn baha berip, birnäçe ugurlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynda, hususan-da, gazy gazyp almakda we gaýtadan işlemekde, şeýle hem gurluşyk, ulag, kosmos we maglumat tehnologiýalary ulgamlarynda, telekeçiligi hem-de hyzmatlar ulgamyny ösdürmekde gatnaşyklary giňeltmek barada teklipler aýdyldy. Mejlise gatnaşyjylar netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, bu ugurlar boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygy barada pikirlerini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň wajypdygy nygtaldy. Munuň özi bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer. Türkmenistanda ýangyç-energetika, gurluşyk we ulag ulgamlarynda Fransiýanyň esasy kompaniýalarynyň hem-de fransuz maýa goýumlarynyň gatnaşmagyndaky kärhanalaryň üstünlikli işleri özara gatnaşyklaryň netijeli tejribesiniň mysalydyr. Ýurdumyzda işleýän iri fransuz kompaniýalaryny birleşdirmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň noýabrynda Fransiýa — Türkmenistan Söwda edarasy döredildi, 2014-nji ýylda «Fransiýa — Türkmenistan» diýen ýörite gollanma çykaryldy. Türkmen döwleti hem-de onuň gözellikleri, halkyň baý taryhy we medeniýeti baradaky umumy maglumatlardan başga-da, bu özboluşly işewürlik gollanmasy ikitaraplaýyn gatnaşyklar, hususan-da, netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda maglumatlary özünde jemleýär. Ýola goýlan gatnaşyklaryň netijelidigine ýurdumyzda birnäçe fransuz kompaniýalarynyň — «Buig», «Sifal», «Winçi», «Tales», «Total» we beýleki kompaniýalaryň alyp barýan üstünlikli işleri şaýatlyk edýär. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, «Buig» kompaniýasy Aşgabatda Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň, kaşaň myhmanhananyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň we «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň dolandyryş binalarynyň gurluşygyny amala aşyrýar. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň mejlisine gatnaşyjylar şu duşuşygyň dowamynda kabul edilen çözgütleriň iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdiler. * * * Şu gün Daşary işler ministrliginde türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleri geçirildi. Dostlukly ýurduň wekiliýetine Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Žan-Batist Lemuan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň dowamynda syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli giň gerimli meseleler, Owganystan meselesini goşmak bilen sebitleýin meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň hökümetara we parlamentara gatnaşyklarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň we ÝHHG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara, hususan-da, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019 — 2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow