Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 01.04.2019
1342

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Daşary işler ministrligi bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy. * * * Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine we Daşary işler ministrligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy. * * * Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, sungat we döredijilik babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Medeniýet ministrligine Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 15 — 16-njy maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow