Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
FIAS-yň baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanylmagy bilen gutlady
Syýasy habarlar
FIAS-yň baştutany Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň 2020-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri hökmünde saýlanylmagy bilen gutlady
Çap edildi 29.03.2019
1196

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) adyndan hem-de hut öz adymdan FIAS-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 2019-njy ýylyň 22-nji martynda geçirilen mejlisinde 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyny Aşgabat şäherinde geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini Size ýetirýärin. Şu çözgüt bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Türkmenistanda sport çärelerini guramaga dünýä derejesinde çemeleşilýändigini bellemek isleýärin. Türkmen paýtagtynda sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede guraljakdygyna hem-de üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirýärin. Size sportuň bu görnüşine uly üns berýändigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge hem-de bütin dünýäde sambony ösdürmek boýunça bilelikdäki işiň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyňyza ynam bildirmäge rugsat etmegiňizi haýyş edýärin. Hormatlamak bilen, Wasiliý ŞESTAKOW, Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow