Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Senagat işgärleriniň gününi döretmek hakynda
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Senagat işgärleriniň gününi döretmek hakynda
Çap edildi 29.03.2019
1385

Ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de hilini ýokarlandyrmakda toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 1. Senagat işgärleriniň gününi döretmeli we bu baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde belläp geçmeli. 2. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserni Senagat işgärleriniň gününiň ýokary derejede hem-de guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli. 3. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserni Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. 4. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli: 1) «Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 17-nji martynda çykaran 74-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 3-nji ýygyndysynyň 127-nji maddasy); 2) «Himiýa senagatynyň işgärleriniň gününi döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji aprelinde çykaran 82-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 4 — 5-nji ýygyndysynyň 165-nji maddasy). Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW. Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy marty.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow