Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Syýasy habarlar
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
Çap edildi 21.03.2019
1351

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Egsilmez ylham-joşgunyň, ak arzuwlaryň, ýagşy niýetleriň, belent maksatlaryň gözbaşy bolan bu baýramyň halkymyzyň ruhuny has-da belende göterip, tutumly, beýik işlere galkyndyrjakdygyna berk ynanýaryn. Gadymy Nowruz baýramy müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini özünde jemleýär. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem baý durmuş tejribesine daýanýan, köpöwüşginli däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary özünde jemleýän bu baýrama ähli döwürlerde uly sarpa goýlupdyr. Asyrlaryň dowamynda onuň many-mazmuny yzygiderli baýlaşdyrylyp gelnipdir. Şoňa görä-de, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan döwletleriň arasynda parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halkara derejesine eýe boldy. Halkara Nowruz güni dünýäniň onlarça ýurdunda giňden bellenilip, halklaryň nurana geljege bolan röwşen arzuw-umytlarynyň nyşanyna öwrüldi. Bu baýram adamzadyň umumy medeni mirasynyň, köpasyrlyk däp-dessurlarynyň bitewüligini beýan edýär. Halklary parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri esasynda ýakynlaşdyrýar. Jemgyýetimizi ösdürmegiň, döwletara we halkara medeni-ylmy gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde biz halkymyzyň köp müňýyllyk taryhy tejribesiniň, gadymy däpleriniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň, medeni mirasynyň bütin dünýäde wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Gözel türkmen topragynyň läle-reýhanly, gül-gülälekli ajaýyp künjegi bolan Nowruz ýaýlasynda Halkara Nowruz gününiň — Milli bahar baýramynyň uly dabaralara beslenip, giňden bellenip geçilmegi asylly däp-dessurlarymyza ygrarlydygymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Eziz watandaşlar! Nowruz täze güni, täze durmuşy alamatlandyryp gelýär. Şoňa görä-de, bu baýram berkarar döwletimiziň bahar joşguny siňen täze ösüşleri, täze özgertmeleri, ýeten belent sepgitleri bilen hem berk baglanyşýar. Bu günler tebigatyň täzelenip, gözel keşbe beslenişi ýaly, berkarar Watanymyz hem gülläp ösüşlere eýe bolýar. Baýramçylyk günlerinde başy başlanýan döwletli işler, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde açylyp, ulanmaga berilýän binalar bu hakykaty tassyklaýar. Bahar pasly gözel tebigata, ynsan kalbyna uly ruhubelentlik, jümle-jahana täzeleniş bagyş edýär. Keremli türkmen topragyna Günüň mähir-çogunyň siňmegi bilen, daýhançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýan watandaşlarymyz üçin örän jogapkärli we gyzgalaňly döwür başlanýar. Bereketli saçaklarymyzyň datly naz-nygmatlardan dolup durmagy, mukaddes topragymyzdan önýän hasylyň berekediniň egsilmezligi dileg edilip, täze hasylyň düýbi tutulýar. Bu baýram halkyň rysgal-döwletliliginiň hem nyşanydyr. Şoňa görä-de, Nowruz baý medeni we edebi mirasymyzda, halk döredijiliginde öz mynasyp waspyna eýedir. Tebigatyň, jümle-jahanyň joş urýan bahar çagynda ýaşaýşy, tämizligi we gözelligi bagyş edýän Milli bahar baýramynyň döredijilik kuwwaty, joşgunly dabarasy toý-baýramlarymyzyň gadyr-gymmatyny artdyrýar, ata Watanymyzyň, mukaddes topragymyzyň, bagtyýar halkymyzyň şan-şöhratyny we mertebesini has-da belende göterýär. Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! Sizi ynsan durmuşyny nurlandyrýan, ruhuny galkyndyrýan, asylly duýgulary joşa getirýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik maksatlara tarap ynamly öňe barýan merdana halkymyza berk jan saglyk, egsilmez bagt, abadan durmuş we uly üstünlikleri arzuw edýärin. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Soňky habarlar
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
top-arrow