Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 19.03.2019
1188

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalary gurmak işlerini dowam etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň häkimligine: Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak hem-de hünärmenleri ýörite taýýarlamak barada «Ussat-Inžener» hususy kärhanasy bilen; Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak hem-de hünärmenleri ýörite taýýarlamak barada «Çeper Gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň mart aýynda başlamak we hassahanalary 2021-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow