Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi
Syýasy habarlar
Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifa türkmen paýtagtyna döwlet sapary bilen geldi
Çap edildi 17.03.2019
1336

18-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we şu gün ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda gepleşikler geçiriler. Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Patyşa Hamad Bin Isa Al Halifany resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanynda, haly ýodajygynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly düzülýär. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglan we gyz dostlukly ýurduň Baştutanyna duz-çörek hödür edýärler hem-de gül dessesini gowşurýarlar. Howa menzilinden Bahreýniň Baştutanynyň ulag kerweni motosikletçileriň hormat toparynyň ugratmagynda sapar mahaly özüne bölünip berlen belent mertebeli myhmanyň kabulhanasyna — kaşaň «Oguzkent» myhmanhanasyna tarap ugur alýar. Öňde boljak ýokary derejeli duşuşyklara iki tarapyň hem uly ähmiýet berýändigini bellemek gerek. Bu döwlet saparyna gabatlanyp, birinji türkmen-bahreýn işewürler maslahaty geçirildi, oňa gatnaşmak üçin Aşgabada Bahreýn Patyşalygynyň wekilçilikli topary geldi. Wekiliýetiň düzüminde döwlet düzümleriniň, maliýe hem-de bilim edaralarynyň, söwda, gaz, nebit, himiýa, dokma senagaty pudaklarynda, telekommunikasiýa, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň wekilleri bar. Arap dünýäsiniň ýurdumyza gyzyklanmasy Türkmenistanyň häzirki okgunly ykdysady ösüşi bilen baglanyşyklydyr, muny abraýly halkara maliýe düzümleri hem tassyklaýar. 15-nji martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilişi ýaly, Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ýokary derejedäki öňde boljak gepleşikleriň türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ähmiýetini nygtady, munuň üçin uly mümkinçilikler bar. Häzir netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we giňeltmek, dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler açylýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanda ykdysady toplumda we durmuş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak meýilnamalary, türkmen bazaryndaky amatly maýa goýum ýagdaýy hyzmatdaşlyk üçin amatly şertler bar. Taryhy taýdan kemala gelen ruhy-medeni umumylyk bilen baglanyşykly iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň özboluşly köprüsi bolan ynsanperwerlik hyzmatdaşlygyna uly üns berilýär. Şu nukdaýnazardan 2011-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna resmi sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm sepgit boldy, şonuň jemleri boýunça mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk üçin binýat bolup hyzmat eden resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Döwlet derejesinde we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça alnyp barylýan gatnaşyklar hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berýär. Türkmenistan bilen Bahreýn köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalarynyň, şol sanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär. Bahreýn Patyşalygy hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlaryny hemişe goldaýar. Taraplar şu gezekki ýokary derejeli duşuşygyň çäklerinde özara hormat goýmak we hoşniýetli erk-isleg ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri hem-de sebit we halkara syýasatynyň ugurlary boýunça pikir alyşmalary geçirmegi meýilleşdirýärler. Garaşylyşy ýaly, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek, şol sanda söwda-ykdysady we maliýe-maýa goýum ulgamlarynda hem-de ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşylar. Nebiti gaýtadan işlemek, gazhimiýa, elektroenergetika, himiýa we dokma senagaty, deňiz ulagy, syýahatçylyk, sport hem-de beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar, munuň özi Türkmenistan bilen Bahreýniň arasynda hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we işjeňleşdirmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim bolar.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow