Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Syýasy habarlar
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Çap edildi 14.03.2019
1202

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde ylmy-barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Birinji mejlisi öz işine başlady. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleriniň mejlisiniň ilkinji güni Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny düýpli ara alyp maslahatlaşmaga hem-de teklipleri girizmäge bagyşlandy. Türkmenistanyň Prezidenti geçen ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen bäşinji Hazar sammitinde çykyş edip: «Häzir Hazarda ähli ykdysady işler ylym bilen berk baglanyşykly bolmalydyr, bolup geçýän tebigy we antropogen ýagdaýlar umumylykda kabul edilmelidir, gözegçilik etmek we çaklamak ulgamyna daýanmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek hakynda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu başlangyjyna laýyklykda türkmen hünärmenleri Hazar deňzinde ylmy barlaglary geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny taýýarladylar hem-de ony Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýa Federasiýasynyň we Gazagystanyň bilermenler guramalaryna iberdiler. Ertir ýokarda agzalan Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň iki günlük mejlisi öz işini tamamlar.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow