Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Ispaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Ispaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 12.03.2019
1229

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Fernando Walderram Parehden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň hem-de Ispaniýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz nobatynda mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Doly ygtyýarly wekil parahatçylyk döredijiniň hormatyna eýe bolan döwletde özüne ynanylan wezipäni mynasyp ýerine ýetirmegi özi üçin abraý saýýandygyny hem-de türkmen-ispan gatnaşyklaryny üstünlikli ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. Söhbetdeşligiň barşynda jenap Fernando Walderram Parehe Türkmenistanyň içeri syýasatynyň esasy ugurlary, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady ugrunyň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň gerimi hakynda habar berildi. Duşuşykda dostlukly ýurtlaryň döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalar, ozaly bilen, BMG hem-de Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi. Şeýle hem ilçi Mejlisiň düzümi hem-de köptaraplaýyn işi, ýurdumyzda geçirilýän demokratik özgertmelerde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy. Doly ygtyýarly wekil Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerine uly gyzyklanma bildirip, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin köptaraplaýyn mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Ulag ulgamy, suwdan peýdalanmak hem-de energetika ulgamlarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak, syýahatçylyk, şeýle hem ylym-bilim ulgamynda geljekki gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi. *** Şu gün Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi, şonda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow