Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 04.03.2019
1317

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Lebap welaýatynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç hem-de Kerki etraplarynda guruljak täze, döwrebap şäherçelerde binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak, bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek hem-de şäherçeleriň gurluşygyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak tabşyryldy. Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň mart aýynda başlamak we bu işleri 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda doly tamamlamak bellenildi. *** «2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde kabul eden 740-njy Kararyna laýyklykda we Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini ýokary derejede taýýarlamak üçin okuw-türgenleşik sapaklaryny geçirmäge; 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde uzak möhletleýin we «Awaza» sport toplumynda möwsümleýin sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek üçin ýöriteleşdirilen sport bazalaryny döretmäge ygtyýar berildi. Içeri işler ministrligine we Aşgabat şäheriniň häkimligine ýöriteleşdirilen sport bazalaryny döretmek üçin sport we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary hem-de binalary Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ulanmaga bermek tabşyryldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi Olimpiýa şäherçesinde dörediljek ýöriteleşdirilen sport bazasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenleriniň ýaşamagyny we iýmitlenmegini üpjün etmäge borçly edildi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sargytnamasy esasynda, Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sport iýmiti we ýörite iýmit goşundylary bilen üpjün etmek tabşyryldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: Sport iýmitleriniň we ýörite iýmit goşundylarynyň hiline we howpsuzlygyna gözegçiligi amala aşyrmaga hem-de döwlet tarapyndan bellige alynmagyny we güwälendirilmegini üpjün etmäge; Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sargytnamasy esasynda türgenleri taýýarlamak üçin zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmäge; Olimpiýa şäherçesindäki Saglygy dikeldiş we anyklaýyş barlaghanasynda türgenleri lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge borçly edildi, şeýle hem degişli işleri ýerine ýetirmek üçin daşary ýurtly hünärmenleri işe çekmäge we ýerli hünärmenleri tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara ugratmaga ygtyýar berildi. Bilim ministrligine, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna: Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýüz tutmasy esasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň agzalary bolan talyplaryň, serkerdeleriň hem-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän türgenleriň okuw-türgenleşik sapaklaryna bellenen tertipde gatnaşmagyny üpjün etmek; Özygtyýarlyklarynyň çäklerinde degişli işleri amala aşyrmak üçin 10 gün möhletde degişli resminamalar bilen düzgünleşdirmek we hereket edýän kanunçylyga laýyklykda tassyklamak tabşyryldy. *** «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezini 2019 — 2022-nji ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak, hususan-da, gurluşygyň birinji tapgyryny 2019 — 2021-nji ýyllarda we ikinji tapgyryny 2020 — 2022-nji ýyllarda amala aşyrmak bellenildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligine guruljak Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň baş meýilnamasyny 3 aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Soňky habarlar
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
top-arrow