Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Syýasy habarlar
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Çap edildi 28.02.2019
1146

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň bäşinji maslahaty öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iki günlük çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Senagat we kommunikasiýa ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Mejlise Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri gatnaşýarlar. Bu teswirnamany işläp taýýarlamak 2010-njy ýylyň noýabr aýynda Bakuwda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Üçünji sammitinde gol çekilen Hazar deňzinde howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşykda göz öňünde tutulandyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça türkmen hünärmenleri 2015-nji ýylda teswirnamanyň taslamasyny taýýarladylar. Şondan üç ýyl geçenden soň, Bäşinji Hazar sammitiniň Beýannamasynda Hazarýaka döwletleriniň Liderleri ýokarda agzalan resminamany ylalaşmagy tamamlamagyň zerurdygyny bellediler. Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnamany ara alyp maslahatlaşmak boýunça öňki mejlisler Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda geçirildi. Şu mejlisiň çäklerinde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň bilermenleri ýokarda agzalan resminamanyň mazmunyny ylalaşmak boýunça işleri dowam edýärler. Ertir Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleri öz işlerini dowam ederler.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow