Syýasy habarlar
Resmi habarlar
Çap edildi 27.02.2019
1469

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmakda asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen hem-de Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny her ýyl Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi. «Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykaran 11535-nji kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2011-nji ýyldaky 2-nji ýygyndysynyň 1236-njy maddasy) birinji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli. *** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary J.Geldymamedowanyň çaga seretmek boýunça rugsady döwründe onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkiminiň orunbasary Akgül Şirmuhammedowna Toporowanyň üstüne ýüklenildi.

Soňky habarlar
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
top-arrow