Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanda Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanda Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Çap edildi 26.02.2019
1162

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Saýuti Ýahaýa Iddiden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, milli Liderimize Gana Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň dostlukly Türkmenistana mundan beýläk-de gülläp ösüş baradaky mähirli arzuwlaryny ýetirdi hem-de iki döwletiň we halklaryň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek babatda tejribesini hem-de bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Ilçiniň belleýşi ýaly, halkara bileleşikde bolşy ýaly, Ganada hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatyna, ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça ylalaşdyryjylyk hem-de döredijilikli başlangyçlaryna ýokary baha berýärler. Milli Liderimiziň ýöredýän içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary duşuşygyň esasy mowzugy bolup, onda Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyga, şol sanda häzirki wagtda Afrika Bileleşigi, Demirgazyk we Günbatar Afrikanyň döwletleri bilen gatnaşyklarynyň giňelmegi bilen baglylykda, hyzmatdaşlyga ygrarlydygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ilçi parahatçylyk derejesi döwlet bolan, syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşinde uly üstünlikleri gazanan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegi uly hormat hasaplaýandygyny aýtdy. Duşuşykda dostlukly ýurtlaryň döwletara gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Parlamentara gatnaşyklaryň geljegi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. *** Şu gün Gana Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde dürli ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seredildi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow