Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Syýasy habarlar
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy
Çap edildi 25.02.2019
1119

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňziniň biologiýa serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça 4-nji mejlisi öz işine başlady. Iki günlük duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Mejlise Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleri gatnaşýarlar. Duşuşygyň dowamynda teswirnamanyň taslamasyny, hususan-da, onuň girişini, bu teswirnamanyň durmuşa geçirilmegine jogapkär ygtyýarly edaralary, Hazar deňziniň biologiýa serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlygyň guralyny, görnüşlerini we çäklerini kesgitlemegi ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Hazar deňzine diňe parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi hökmünde garalmalydyr. Bu üýtgewsiz nukdaýnazardan ugur alyp, türkmen Lideriniň başlangyçlary esasynda Hazarýaka döwletleriň netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça resminamalar hem-de degişli taslamalar yzygiderli işlenip taýýarlanylýar, onuň şertnamalaýyn-hukuk binýady, şol sanda bu deňziň täsin ekologiýa ulgamyny we biologiýa serişdelerini gorap saklamak babatynda degişli kanunçylyk binýady kemala getirilýär. Ertir Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň mejlisi öz işini dowam eder.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow