Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň arasynda telefon söhbetdeşligi
Çap edildi 25.02.2019
1183

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz we Ermenistanyň Hökümetiniň Başlygy däp bolan hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda bar bolan köpugurly kuwwaty nazara almak bilen, uzak möhlete gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Bellenilişi ýaly, köp ugurlary öz gerimine alýan kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň döredilmegi özara bähbitli türkmen-ermeni gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şunda bilelikdäki Hökümetara toparyň işine aýratyn orun degişlidir. Bu topar ozal gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de giňeltmäge, işewürlik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam etmelidir. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň wajyp şerti bolan medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň möhüm orny nygtaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň taraplaryň üýtgewsiz erk-islegine daýanmak bilen, geljekde hem okgunly ösdüriljekdigine, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler. Telefon söhbetdeşligi ermeni tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Soňky habarlar
21.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 918 müň dollaryndan gowrak boldy
21.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
20.09
Y.A.GAÝYPOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
20.09
W.S.HAJIÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
19.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy
19.09
Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahaty geçirildi
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
top-arrow