Baş sahypa
\
Sport
\
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy
Sport
Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy
Çap edildi 05.03.2015
1874

Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda HTTU — “Balkanyň” duşuşygyndan ýokary liga toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň 23-nji çempionaty badalga aldy. Geçen ýylda bolşy ýaly, dört aýlawda geçirilýän milli ýaryşyň medallary ugrunda toparlaryň 10-sy bäsleşýär. Oňa gatnaşyjylaryň düzüminde üýtgeşme bolup geçdi: “Bagtyýarlyk-Lebap” we “Talyp sporty” toparlarynyň ýerine çempionatda Marydan “Energetik” hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň “Hazyna” topary ilkinji gezek çykyş eder. “Energetik” geçen ýyl birinji ligada final ýaryşynda ýeňmek bilen türkmen futbolynyň ýokary ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Geçenki möwsümde birinji ligada saýlanma tapgyryny geçmedik “Hazyna” üçin bolsa Türkmenistanyň futbol federasiýasy Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplarynyň arasynda futbolyň barha artýan meşhurlygyny nazarda tutup, kadadan çykmadan ugur aldy. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň stadionynda HTTU — “Balkanyň” duşuşygynyň öň ýanynda çempionatyň dabaraly açylyşy boldy. Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazy astynda toparlaryň kapitanlary ýurdumyzyň Döwlet tuguny ýokary galdyrdylar. Soňra oýun başlandy. Ýakynda ýagan ýagyş sebäpli, meýdançada emele gelen oňaýsyzlyk toparlaryň ikisiniň oýunçylaryna hem özleriniň has oňat oýunlaryny görkezmäge mümkinçilik bermedi. Duşuşygyň ykbalyny oýnuň 8-nji minudynda HTTU-nyň hüjümçisi Pirmyrat Soltanowyň geçiren ýeke-täk pökgüsi çözdi. Ol meýdançanyň çep tarapyndan berlen pökgä öz wagtynda ýetişip, 2015-nji ýylda Türkmenistanyň çempionatynda ilkinji pökgini geçiren oýunçy boldy. Ýurdumyzyň çempionatynyň ilkinji tapgyry 6-njy martda “Ahal” — “Energetigiň” duşuşygy bilen dowam eder. 7-nji martda bolsa “Altyn asyr” —“Hazyna”, “Daşoguz”—“Şagadam” hem-de “Merw” — “Aşgabat” toparlarynyň duşuşygy bilen tamamlanar. Güýzde jemlenýän çempionatyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň iň oňat topary 2016-njy ýylda ähmiýeti boýunça ikinji derejeli ýaryş bolan Aziýanyň toparlarynyň bäsleşiginde, ýagny, AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda çykyş etmäge hukuk alar.

Soňky habarlar
04.12
Parahatçylyk we ynanyşmak — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň berk binýady
04.12
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda
03.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.12
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
03.12
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
03.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
03.12
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dykgatyna
02.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary
02.12
Medeni diplomatiýa — dowamatlylyk we täzeçil çemeleşmeler
02.12
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
top-arrow