Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen kikboksçylarynyň altyn medallary
Sport
Türkmen kikboksçylarynyň altyn medallary
Çap edildi 02.04.2015
2594

Kikboksyň türkmen mekdebiniň türgenleri köp ýyllaryň dowamynda halkara ýaryşlarynda ýokary netijeleri görkezip gelýärler. Ine, bu gezek hem olar Latwiýada we Germaniýada ýakynda geçirilen uly ýaryşlaryň birbada ikisinde tapawutlandylar. Riga şäherinde (Latwiýa) geçirilen ýaryş onuň eýelerinden başga-da, Russiýadan, Angliýadan, Italiýadan, Awstriýadan, Polşadan, Türkmenistandan, Finlýandiýadan, Estoniýadan, Litwadan türgenleriň 600-den gowragyny ýygnady. Ýaryşa gatnaşyjylar kikboksyň birnäçe ugry boýunça medallar üçin bäsleşdiler. Türkmenistanlylar olaryň ikisinde—K-1 (bu görnüşde aýaklar we eller bilen göwrä depmekden başga-da, dyzlar bilen urgulara ýol berilýär) we ful-kontakt görnüşlerinde çykyş edip, ýokary görkezijini gazandylar. Ýeri gelende aýtsak, 67 kilograma çenli agram derejesinde ful-kontakt bölüminde altyn medal ugrunda bäsleşikde aşgabatly Mekan Amanow we ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlarynyň (Koreýa Respublikasy, 2013-nji ýylda) bürünç medalynyň eýesi Şöhrat Hallyýew duşuşdylar. Çekeleşikli tutluşygyň netijesinde M.Amanow ýeňiş gazandy. Şu görnüşde, emma 57 kilograma çenli agram derejesinde nobatdaky altyn medaly Pygy Silabow gazandy. K-1 bäsleşiginde biziň kikboksçylarymyz ýene-de 4 sany altyn medala mynasyp boldular. 60 kilograma çenli agram derejesinde Rejep Ataýew, şeýle hem Şameret Hallyýew (57 kilograma çenli), Ismaýil Ataýew (63,5 kilograma çenli) we Şöhrat Ýagmyrow (71 kilograma çenli) ýeňijiler boldular. Türgenler kikboks bilen Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Aleksandr Snagowskiniň we Pirgeldi Amanowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler we milli ýygyndy topara girmäge dalaş edýärler. Şonuň üçin her bir üstünlik—bu ähli türkmen türgenleri üçin ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öň ýanynda goşmaça itergi bolar. Şol oýunlar mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. Milli ýygyndy topardaky orunlara kikboksyň Lebap mekdebiniň wekilleri hem dalaş edýärler. Mysal üçin Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýusup Haýytowyň we Zakir Atajanowyň okuwçylary Germaniýanyň Ebern şäherinde 2 sany altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medallaryna mynasyp boldular. Nariman Aýdogdyýew (60 kilograma çenli) we Muhammet Altybaýew (63,5 kilograma çenli) ýeňijiler boldular. Kümüş we bürünç medallary bolsa Aziz Jumabaýew we Ruslan Çöliýew gazandylar. Olaryň ikisi hem 75 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşdiler. Germaniýada geçirilen ýaryşda lebaplylardan başga-da, A. Snagowskiniň ýolbaşçylygynda tälim alýan aşgabatly türgen gyz, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Farida Gutlymyradowa (60 kilograma çenli) hem-de Eduard Kimiň şägirdi--Daşoguzdan kikboksçy Agamyrat Amangeldiýew (54 kilograma çenli) çempionlar boldular. Häzir ýurdumyzyň ussat kikboksçylary şu ýylyň esasy milli ýaryşlaryna—Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde 26-njy aprelden 1-nji maý aralygynda geçiriljek Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler. Onuň netijeleri boýunça ýygyndy toparyň düzümi dörediler. Türgenler şu ýylyň güýzünde dünýä çempionatlarynyň ikisinde--Irlandiýada ful-kontakt bölüminde we K-1 bölüminde hem-de Serbiýada lou-kik bölüminde medallar ugrunda bäsleşerler.

Soňky habarlar
10.10
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady
10.10
Paýtagtymyzda saglygy goraýyş maksatly täze binalar ulanmaga berildi
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti bi­len du­şuş­dy
top-arrow