Baş sahypa
\
Sport
\
Türkmen futbolçylary Aziýanyň iň gowy toparlarynyň biri bilen deň oýnady
Sport
Türkmen futbolçylary Aziýanyň iň gowy toparlarynyň biri bilen deň oýnady
Çap edildi 16.06.2015
1891

Daşoguz, 16-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçylary ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezinde 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama oýnunyň çäklerinde Eýranyň topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Aziýanyň toparlarynyň reýtinginde öňde barýan, şeýle hem Aziýanyň üç gezek çempiony we dünýä çempionatlarynyň final tapgyrlaryna dört gezek gatnaşan Eýranyň ýygyndysyna 2011-nji ýyldan bäri meşhur Portugaliýaly hünärmen Karluş Keýroş ýolbaşçylyk edýär. Ol 1989-njy we 1991-nji ýyllarda Portugaliýanyň ýaşlar ýygyndy topary (20 ýaşa çenli) bilen dünýä çempionatlarynda ýeňiş gazandy, şeýle hem Portugaliýanyň, BAE-niň, GAR-yň milli ýygyndylary we köpsanly meşhur toparlar bilen işledi. Duşuşygyň öň ýanynda geçirilen metbugat maslahatynda Eýranyň ýygyndysynyň tejribeli tälimçisi ýolbaşçylyk edýän toparynyň özüne ynamynyň bardygyny we Türkmenistandan üç utugy alyp gitmegi niýet edýändigini aýtdy. Eýranly futbolçylar duşuşygyň ilkinji pursatlaryndan oýnuň depginini ýokarlandyrmaga çalyşdylar we eýýäm dördünji minutda, Serdar Azmunyň ussatlyk görkezmegi netijesinde hasaby açdylar. Türkmen futbolçylary duşuşygyň ilkinji 15 minutynda eýranlylaryň birnäçe hüjümini yzyna gaýtaryp, garşydaşlarynyň derwezesiniň öňünde howply pursatlary döretmäge başladylar. Eýranyň ýygyndysynyň derwezesiniň öňünde ilkinji howply pursat duşuşygyň 16-njy minutynda, ildeşimiz Serdar Annaorazowyň eýranly derwezeban Ali Reza Hagiginiň goraýan derwezesine zarbaly urgusyndan soň döredi. Ýöne derwezeban bu urgyny yzyna gaýtarmagy başardy. Oýnyň birinji ýarymyna goşulan wagtyň birinji minutynda tälimçi Amangylyç Goçumowyň şägirtleri çep ganat boýunça ýene bir hüjümi guradylar. Pökgi garşydaşlaryň jerime meýdançasyna geçirildi we biziň oýunçymyz Ruslan Mingazow ussatlyk bilen pökgini derwezenden geçirmegi başardy. Daşogzuň 10 müň orunlyk stadionyny dolduryp oturan janköýerleriň bu ýagdaýa begenjiniň çägi bolmady. Duşuşygyň ikinji ýarmynda Eýranyň ýygyndysynyň baş tälimçisi oýnuň depginini güýçlendirmek maksady bilen üç oýunçyny çalyşdy. Ýöne biziň futbolçylarymyz erjellik görkezip, deňme-deň hasaby saklap galmagy başardylar we “D” toparda öňdebaryjy hasaplanýan toparyň garşysyna mynasyp oýnamagy başardy. Oýundan soňky metbugat maslaharynda Eýranyň ýygyndysynyň baş tälimçisi K.Keýroş türkmen toparyny bu mynasyp netije bilen gutlady. Onuň kärdeşi A.Goçumow bolsa bu deňme-deň netijäniň örän güýçli garşydaşyň üstünden gazanylan ýeňşe barabardygyny aýtdy. Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi şeýle hem daşoguzly janköýerleriň uly goldaw berendiklerini nygtady. - Biz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şeýle ajaýyp stadionlaryň gurlandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris. Indi şol stadionlarda ýokary derejelerdäki ýaryşlary geçirip bolýar. 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşynyň şu oýny hem munuň aýdyň subutnamasydyr” diýip, A.Goçumow metbugat maslahatyna gatnaşýan köpsanly žurnalistlere ýüzlenip aýtdy. Dünýä çempionatynyň indiki saýlama oýnuny Türkmenistanyň ýygyndysy 3-nji sentýabrda myhmançylykda Omanyň topary bilen geçirer.

Soňky habarlar
03.12
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.12
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
03.12
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
03.12
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
03.12
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dykgatyna
02.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary
02.12
Medeni diplomatiýa — dowamatlylyk we täzeçil çemeleşmeler
02.12
Türkmenistanyň Prezidenti Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
02.12
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy
01.12
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
top-arrow