Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasy tassyklanyldy
Teswirlemeler
Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasy tassyklanyldy
Çap edildi 16.08.2018
9245

Özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesine daýanyp, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmek ugrunda strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň parahatçylyk döredijilikli binýatlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine taýýardyklaryny tassyklaýarlar. Russiýanyň Baştutany belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, türkmen kärdeşine Soçi şäherine gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň ýagdaýy we geljegi, şol sanda ykdysady, durmuş we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada pikir alyşmak, halkara giňişlikde özara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça resmi däl ýagdaýda duşuşygy geçirýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin Prezident Wladimir Putine minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň döwletara gatnaşyklaryny özara hormat goýmak ýörelgelerinde guramak bilen, strategik hyzmatdaş bolup durýandyklaryny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň göz öňünde tutulan meýilnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň işiniň netijeli häsiýete eýedigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz russiýaly kärdeşini futbol boýunça 2018-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň ýokary derejede guralandygy bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine Russiýa Federasiýasynyň Baştutanynyň halkara giňişlikde uly işleri amala aşyrýandygyny belläp, Prezident Wladimir Putine iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, jogapkärli döwlet işinde üstünlik, Russiýanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Soňra iki ýurduň Liderleri ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň hem-de geljekki meýilnamalaryň çäklerinde gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly kadalaşdyryjy-hukuk binýady Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň uzak möhletleýin gatnaşyklara ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Häzirki wagtda bu hukuk binýady döwletara hem-de hökümetara ylalaşyklarynyň 100-den gowragyndan we pudagara ylalaşyklarynyň 70-den gowragyndan ybaratdyr. Geçen ýyl Wladimir Putiniň ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde Aşgabatda oktýabr aýynda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen we ähli ugurlar boýunça özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň giň toplumy onuň üstüni ýetirdi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de iki dostlukly ýurduň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň mizemezligini tassykladylar we şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda degişli Ylalaşyga gol çekilmeginiň wajypdygyny bellediler. Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda senagat, oba hojalygy, deňiz ulagy, sport, syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyklara; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda Ylalaşyga; “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy (Türkmenistan) bilen Tehniki kadalaşdyryş we metrologiýa boýunça federal agentliginiň (Russiýa Federasiýasy) arasynda standartlaşdyrmak we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu hyzmatdaşlygyň köpugurlydygyna şaýatlyk edýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda bolsa, netijeli gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek we çuňlaşdyrmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini artdyrmak, işewür we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu babatda Hökümetara toparynyň, Türkmen-Rus we Rus-Türkmen işewür geňeşiniň, şeýle hem bilelikdäki işewürlik maslahatlarynyň möhüm orun eýeleýändigini aýtmaly. Şunlukda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň, şol sanda Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan hem-de Swerdlowsk oblastlarynyň, Sankt-Peterburg şäheriniň we beýlekileriň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Geçen ýyl söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar ülkesiniň Administrasiýasynyň arasynda Ylalaşyga; Mary şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen “Orýol şäheri” munisipal birleşiginiň dolandyryş edarasynyň (Russiýa Federasiýasy) arasynda Mary şäheri bilen Orýol şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Ylalaşyga gol çekilmegi hem şeýle gatnaşyklaryň giňeldilýändigine şaýatlyk edýär. 2017 — 2019-njy ýyllar üçin niýetlenen degişli Hökümetara maksatnamasy ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Özboluşly “ýol kartasyna” öwrülen üç ýyllyk döwür bu ulgamdaky türkmen-rus gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryny, şol sanda söwda, senagat, energetika, oba hojalygy, ulag, ýokary tehnologiýalar, hyzmatlar ulgamy we beýleki pudaklary öz içine alýar. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasy we milli ykdysadyýetimizi düýpli senagatlaşdyrmagy, senagat pudagyny döwrebaplaşdyrmagy, ylma daýanýan önümçilikleriň döredilmegini esasy ugur edinýän düzümleýin taslamalar dürli pudaklardaky tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin häzirki döwrüň ýagdaýyna laýyk gelýän täze mümkinçilikleri açýar. Munuň özi amatly maýa goýum ýagdaýyny hasaba almak bilen, daşary ýurtlaryň, şol sanda Russiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna bolan isleglerini şertlendirýär. Russiýa Federasiýasynyň birnäçe belli kompaniýalary ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýar. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hasaplanýan ulag pudagy häzirki şertlerde dünýä ykdysadyýetiniň binýatlyk ugurlarynyň biri bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, özüniň geografik we geosyýasy taýdan amatly ýerleşmeginden ugur alyp, Türkmenistan sebit hem-de yklym ähmiýetli multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň möçberli taslamalary öňe sürýär we olary yzygiderli durmuşa geçirýär. Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi bu ugurdaky wajyp ädime öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Hazar deňzindäki port düzümlerini, şol sanda Türkmenbaşy we Astrahan şäherleriniň arasyndaky gämi gatnawlaryny netijeli ösdürmek geljegi uly ugur hasaplanylýar. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary meselesine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň güýji bilen bu oblastyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda 18-nji maýda täze häzirki zaman mekdebiniň açylandygyny bellemek ýerliklidir. Bu waka däp bolan türkmen-rus ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösüş taryhynda, döwletara gatnaşyklaryna mahsus bolan hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň baýlaşdyrylmagynda ýene bir ajaýyp sahypany açdy. Dünýäniň energetika ýurdy hasaplanýan hem-de ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan iki döwlet üçin hem energetika pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, gazylyp alynýan hem-de gaýtadan işleýän kuwwatlyklary artdyrmak, gaz serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly ýoluny kemala getirmek, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri çykarýan ýokary tehnologiýaly nebit we gaz himiýa önümçiliklerini emele getirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm wezipeleri bolup durýar. Türkmenistan ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyk üçin hemişe açykdyr. Soçide geçirilen şu duşuşygyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, netijeli bilim, ylym we medeni hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ynam bildirdiler. Aşgabatda hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki Türkmen-rus mekdebi hem-de ýokary bilim babatda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanda hem-de Russiýa Federasiýasynda geçirilýän döredijilik çäreleri, festiwallar, forumlar we sergiler, kino günleri, sungat ussatlarynyň konsertleri, sirk artistleriniň çykyşlary hem-de beýlekiler dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň özboluşly köprüsi bolup durýar. Ikitaraplaýyn esasda geçirilýän Medeniýet günleri bu ugurdaky köpýyllyk gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we baýlaşdyrylmagyna ýardam berýär. Ylym-bilim ulgamynda hem özara gatnaşyklar ýylsaýyn giňelýär. Bu gatnaşyklar yzygiderli hem-de uzak möhletleýin esasda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we ylym merkezleriniň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklar hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu bolsa ylmy işler, talyplaryň alyşmalary, bilelikdäki bilim maksatnamalaryny we taslamalaryny döretmek üçin oňat mümkinçilikleri şertlendirýär. Sport ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin oňyn mümkinçilikler bar. Onuň ösdürilmegi we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi iki ýurt üçin hem ähmiýetli çäre bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklar we tejribe alyşmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Taraplar türkmen-rus gatnaşyklarynyň derejesine we onuň mazmunyna ýokary baha berip, sebitleýin we ählumumy gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Olar Türkmenistanyň we Russiýanyň BMG-niň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen, netijeli gatnaşyklara ygrarlydygyny bellediler. Şunuň ýaly ýakyn gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine uly goşant bolup durýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, 12-nji awgustda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Aktau şäherinde geçirilen V sammitiniň ähmiýetini nygtadylar. Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi onuň netijesiniň wajypdygyny we kenarýaka ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Iki ýurduň hem Hazar deňzinde özara ysnyşykly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Şol gatnaşyklar bolsa hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýar. Türkmenistan we Russiýa söwda-ykdysady hem-de ulag ulgamlarynda, beýleki ugurlaryň birnäçesi boýunça Hazarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça köptaraply ylalaşyga gol çekilmegini mübärekleýärler hem goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň düzgünlerini netijeli utgaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi. Munuň üçin Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda syýasy geňeşmeleriň bäştaraplaýyn guralyny döretmegiň maksada laýyk boljakdygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz sammitde eden çykyşynda Hazarýaka ýurtlarynyň daşary syýasat edaralaryna ýakyn wagtda degişli düzgüniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň meselelerine garamagy tabşyrmagy teklip etdi. Şeýle hem birnäçe möhüm resminamalara gol çekilmegi V Hazar sammitiniň netijeli häsiýete eýe bolandygyny alamatlandyrýar. Şeýle resminamalaryň hatarynda türkmen tarapynyň başlangyjy esasynda we Hazar deňzindäki özara gatnaşyklara hil taýdan täze itergi bermäge hem-de onuň üstüni täze mazmun bilen ýetirmäge gönükdirilen söwda-ykdysady hem-de ulag pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Hökümetara Ylalaşyklary bar. Bu maksada ýetmek üçin milli Liderimiz 2019-njy ýylda Türkmenistanda ilkinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi. Ol Hökümet agzalarynyň, işewür we akademiki toparlaryň, halkara guramalaryň gatnaşmagynda köpugurly gatnaşyklar üçin hemişelik hereket edýän binýada öwrülmelidir. Şeýle hem Hazaryň ulag-logistika merkezini döretmek hem-de Hazarda ylmy-barlaglary we gözleg-halas ediş işlerini geçirmek bilen baglanyşykly Ylalaşyklary taýýarlamak hakyndaky teklipler öňe sürüldi. Milli Liderimiz şu ýyl Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilelikde başlyklyk edýän GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň sentýabr aýyna meýilleşdirilen mejlisi baradaky meselä geçmek bilen, ýurdumyzyň 2019-njy ýylda bu Arkalaşyga başlyklyk etjekdigini nygtap, geljekde hem GDA giňişliginde umumy bähbitlere laýyk gelýän oňyn köp ugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýtdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy hem-de şeýle bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Ýurdumyz GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ugurlarda uly mümkinçiliklere hem-de kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine netijeli goşant goşýar. Geljekde başlyklyk etmeginiň çäklerinde türkmen tarapy Arkalaşygyň degişli edaralarynyň we ugurdaş düzümleriniň şol döwürde netijeli işlemegine hem-de anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen işleriniň üpjün edilmegi üçin zerur çäreleri görmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň 2012-nji ýylda GDA başlyklyk etmeginiň barşynda toplan oňyn tejribesine esaslanyp, degişli Konsepsiýanyň taslamasyny taýýarlady. 2012-nji we 2016-njy ýyllarda Türkmenistanyň Mary we Daşoguz şäherleriniň Arkalaşygyň medeni paýtagtlary diýlip yglan edilendigi buýsançly ýagdaýdyr. Bu şäherlere hormatly derejeleriň berilmeginiň çäklerinde olarda guralan çäreler GDA giňişliginde medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine, däp bolan ynsanperwer gatnaşyklarynyň baýlaşdyrylmagyna, Arkalaşygyň döwletleriniň halklarynyň gymmatly taryhy-medeni mirasyny geljekki nesiller üçin gorap saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek işine Türkmenistanyň goşan uly goşandy boldy. Ýurdumyz GDA-nyň çäklerinde geçirilýän dürli çärelere yzygiderli gatnaşýar, şeýle hem öz çäklerinde Arkalaşygyň möhüm duşuşyklaryny we forumlaryny, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerini birnäçe gezek geçirdi. Şunda Türkmenistan hyzmatdaşlyk meselelerinde öňdebaryjy orny eýeleýär, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, medeni, ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle hem ekologiýa, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda tagallalary üstünlikli birleşdirmek üçin bar bolan köp ugurly kuwwatyň durmuşa geçirilmegine uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda Moskwada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda guralýan “Amul — Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň tanyşdyrylyşynyň bolandygyny bellemek gerek. Bu çärä 50-ä golaý iri neşirleriň — halkara we Russiýanyň habarlar agentlikleriniň, tele we radio ýaýlymlarynyň, ýöriteleşdirilen žurnallaryň hem-de gazetleriň, saýtlaryň wekilleri gatnaşdy. Amul — Hazar ugry boýunça ralli 2018-nji ýylyň 11 — 15-nji sentýabry aralygynda geçiriler. Uzynlygy 1500 kilometre deň bolan ralliniň ugry Garagum sährasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki ajaýyp künjekleriniň üstünden geçer. Ýaryşlar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň kaşaň binalarynyň ýerleşýän künjegi bolan Hazar deňziniň kenarynda tamamlanar. Şeýlelikde, ýaryşa gatnaşýan toparlaryň agzalary Türkmenistanyň gündogaryndan günbataryna tarap ýol söküp, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugruny gaýtadan geçerler, edil gadymy söwda kerwenleri ýaly meşhur Garagumuň çäksiz giňişliklerini aşarlar, çöllügiň çylşyrymly çäklerini geçerler, şeýle hem türkmen topragynyň beýleki gaýtalanmajak we täsin künjeklerini synlarlar, geçmişden häzirki döwre simwoliki syýahat ederler. Türkmenistanyň taryhynda şeýle ýaryşlary geçirmegiň tejribesi eýýäm bar. 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Ýüpek ýoly” halkara awtorallisi guraldy. Bu çäre goňşy döwletleriň — dostlukly Russiýanyň we Gazagystanyň Baştutanlary tarapyndan goldanyldy. Dünýäniň 30-a golaý döwletinden ussat awto sürüjileriň gatnaşan hem-de üç ýurduň çäkleri boýunça geçen halkara awtorallisiniň uzynlygy 4500 kilometre deň boldy. Onuň ýarysyndan gowragy Türkmenistanyň çäklerinden geçdi. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyl ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýär. Şu gezekki ralli ýaryşyna gatnaşyjylar diňe türkmen halkynyň medeni mirasyna aralaşmak bilen çäklenmän, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ýurdumyzyň sebitleriniň ylmy-tehniki we senagat ösüşi bilen bu meşhur toprakda peýda bolan täze durmuşy görmäge, täze döwürde ýurtlary we halklary birleşdirip, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda möhüm ulag merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrýan Türkmenistan bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin açyklyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen netijeli gepleşikleriň jemini jemläp, şu duşuşygyň gadymy dostluk däplerine, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak hem-de strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow