Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­ti — hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy
Teswirlemeler
Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­ti — hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy
Çap edildi 13.08.2018
5625

1996-njy ýyl­da Türk­me­nis­tan­da Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da Kon­wen­si­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça baş­la­nan tas­la­ma­nyň ta­mam­lan­ma­gy hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka öw­rül­di. On­dan has ozal Ha­zar deň­zi­niň tä­ze hal­ka­ra-hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky gep­le­şik­ler 1992-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da Täh­ran­da ge­çi­ri­len Ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň bi­rin­ji mas­la­ha­tyn­da baş­lan­dy. Soň­ra bu gep­le­şik­ler he­mi­şe­lik he­re­ket ed­ýän gep­le­şik­ler gu­ra­ly­nyň — ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň orun­ba­sar­la­ry­nyň de­re­je­sin­de Ýö­ri­te iş to­pa­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ge­tir­di. Ýö­ri­te iş to­pa­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky çöz­güt Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­tyn­da 1996-njy ýy­lyň no­ýabr aýyn­da ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň du­şu­şy­gyn­da ka­bul edil­di. Mun­dan 22 ýyl ozal Aş­ga­bat­da ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di, şon­da bu Kon­wen­si­ýa­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça gep­le­şik­ler gu­ra­ly­nyň gu­ra­ma­çy­lyk-hu­kuk gör­nü­şi Ýö­ri­te iş to­pa­ry gör­nü­şin­de he­mi­şe­lik esas­da kes­git­le­nil­di. Bu uzak döw­rüň do­wa­myn­da bi­le­lik­de ge­çi­len ýo­ly ýat­la­mak bi­len Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň il­kin­ji sam­mi­ti­ni ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy bi­ziň ýur­du­my­zyň öňe sü­ren­di­gi­ni, şeý­le hem bu Fo­ru­myň 2002-nji ýyl­da türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Ol du­şu­şyk ýa­kyn we uzak­möh­let­le­ýin ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç tap­gy­ra öw­rül­di. Şol dö­wür­den baş­lap, döw­le­ta­ra gep­le­şik­ler gu­ra­ly hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ryl­dy. Bi­rin­ji Ha­zar sam­mi­tin­de soň­ra­ky ge­çi­ri­len sam­mit­ler­de ka­bul edi­len res­mi­na­ma­lar üçin bin­ýat bo­lan baş­lan­gyç­lar öňe sü­rül­di. 2003-nji ýyl­da Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry — Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy we Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa gol çek­di­ler. Täh­ran Kon­wen­si­ýa­sy­nyň mak­sa­dy Ha­za­ryň de­ňiz gur­şa­wy­ny äh­li çeş­me­ler­den ha­pa­lan­mak­dan go­ra­mak­dan yba­rat­dyr. Olar Ha­zar deň­zi­niň bio­lo­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­ma­gy, gaý­ta­dan di­kelt­me­gi hem-de dur­nuk­ly we re­je­li peý­da­lan­ma­gy öz içi­ne al­ýar. Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň äh­li­si ta­ra­pyn­dan tas­syk­la­nan­dan soň­ra Täh­ran kon­wen­si­ýa­sy 2006-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da güý­je gir­di. Bu gün Ha­zar deň­zi­niň gü­ni diý­lip yg­lan edil­di. Şon­dan bä­ri bu se­ne Türk­me­nis­tan­da her ýyl bel­le­nil­ýär, bu se­ne my­na­sy­bet­li ýö­ri­te çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Şu ýyl hem «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän ýyl­da Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak­da ga­za­ny­lan­lar” at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bi­ziň ýur­du­myz äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­mek, şol san­da Ha­za­ryň tä­sin ekoul­ga­my­ny, onuň te­bi­gy gör­nüş­le­ri­ni, örän baý bio­köp­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. 2007-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ka­ra­ry bi­len Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Pu­da­ga­ra to­pa­ry dö­re­dil­di, bu to­pa­ryň öňün­de goý­lan we­zi­pe­le­riň bi­ri Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da kon­wen­si­ýa­ny taý­ýar­la­mak bo­lup dur­ýar­dy. Bu işe Türk­me­nis­ta­nyň dür­li mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň bi­ler­men­le­ri gat­naş­dy­lar, de­giş­li iş to­par­la­ry dö­re­dil­di, ola­ryň iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri Kon­wen­si­ýa­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ho­wan­dar­ly­gy as­tyn­da ge­çi­ri­len gep­le­şik­ler­de peý­da­la­nyl­dy. Ikin­ji Ha­zar sam­mi­ti 2007-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Täh­ran­da ge­çi­ril­di, on­da ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň baş­tu­tan­la­ry Jar­na­ma gol çek­di­ler. Şeý­le­lik­de, Aş­ga­bat­da ba­şy baş­la­nan gep­le­şik­ler hil taý­dan tä­ze de­re­je­de yzy­gi­der­li do­wam et­di. Şo­la­ryň ne­ti­je­le­ri Täh­ran­da, Ba­ku­da we Ast­ra­han­da de­giş­li­lik­de 2007-nji, 2010-njy we 2014-nji ýyl­lar­da ge­çi­ri­len sam­mit­ler­de ka­bul edi­len mö­hüm çöz­güt­le­riň esa­sy­ny düz­di. Bu du­şu­şyk­lar­da çy­kyş et­mek bi­len, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe we mun­dan beý­läk-de se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek, ke­nar­ýa­ka döw­let­le­riň we ola­ryň kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy-me­de­ni ýö­rel­ge­ler ar­ka­ly bag­la­nyş­ýan halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dost­luk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hem-de giň hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça iş­jeň or­ny eýe­le­jek­di­gi­ni tas­syk­la­dy. Bu ugur­da­ky gel­jek­ki mö­hüm we anyk ädim­ler mu­nuň su­but­na­ma­sy­dyr. Hut hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Ha­zar deň­zin­de hyz­mat­daş­lyk ba­bat­da mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň taý­ýar­la­nan­dy­gy­ny we ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­me­li. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Ha­zar deň­zin­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we ola­ry ara­dan aýyr­mak bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şyk hem-de Ha­zar deň­zi­niň suw hem-de bio­lo­gi­ki se­riş­de­le­ri­ni sak­la­mak we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ha­kyn­da Yla­la­şyk bar. Ola­ra Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň 2014-nji ýyl­da Ast­ra­han­da ge­çi­ri­len IV sam­mi­ti­niň jem­le­ri bo­ýun­ça gol çe­kil­di. Şol dö­wür­de jem­leý­ji res­mi­na­ma­lar top­lu­my­na Ha­zar deň­zi­niň gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky Yla­la­şyk gi­ri­zil­di. Tas­la­ma­nyň gu­tar­nyk­ly yla­la­şyl­ma­gyn­da türk­men ta­ra­py aý­ra­tyn ta­gal­la et­di. Bu res­mi­na­ma bo­ýun­ça al­nyp bar­lan iş­ler ýur­du­my­zyň Ha­za­ryň gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa­sy we ha­pa­lan­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik ba­ra­da­ky ut­gaş­dy­ry­jy ko­mi­te­ti­ne baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rün­de ta­mam­lan­dy. Şu ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Türk­me­nis­tan Ha­zar deň­zi bo­ýun­ça du­şu­şyk­la­ryň we fo­rum­la­ryň, şol san­da ýo­kar­da ag­za­lan Ýö­ri­te iş to­par­la­ry­nyň, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň we­kil­çi­lik­li to­par­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da bu me­se­le­le­re ba­gyş­la­nan hal­ka­ra mas­la­ha­tyň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­di. 2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ak­tau şä­he­rin­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­tin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow kär­deş­le­ri — Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri bi­len bi­le­lik­de Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa gol çek­di. Mu­nuň özi Ha­zar deň­zin­de dür­li ugur­lar bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň hu­kuk ka­da­la­ry­ny ber­ki­den ta­ry­hy äh­mi­ýet­li bin­ýat­lyk res­mi­na­ma bo­lup dur­ýar. Şu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň iki mö­hüm Yla­la­şy­gyň baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­ren­di­gi­ni bel­le­me­li. Şo­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça gol çe­kil­di. Bu res­mi­na­ma­lar däp bo­lan bäş­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ra hil taý­dan tä­ze iter­gi ber­di. Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da­ky Yla­la­şyk hem-de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da ulag ul­ga­my ha­kyn­da Yla­la­şyk hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dört ýyl mun­dan ozal, Ast­ra­han şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň IV sam­mi­tin­de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ka­bul edil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň äh­li­si­ne türk­men ta­ra­py­nyň tek­li­bi­ni gol­dan­dy­gy üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Ak­tau­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da eden çy­ky­şyn­da mil­li Li­de­ri­miz ka­bul edi­len yk­bal çö­zü­ji res­mi­na­ma­nyň — Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa­nyň aý­ry-aý­ry ugur­la­ry bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ter­ti­bi­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tek­lip et­di. Hu­su­san-da, mil­li Li­de­ri­miz bäş ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­na Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da bäş­ta­rap­la­ýyn yzy­gi­der­li ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­me­giň gu­ra­ly­ny dö­ret­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re se­ret­mek bo­ýun­ça tab­şy­ryk ber­me­gi tek­lip et­di. Sam­mi­tiň do­wa­myn­da gol çe­ki­len ter­ror­çy­ly­ga, gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş ba­bat­da­ky, Ha­zar deň­zin­de howp­suz­lyk bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­ga goş­ma­ça Ser­het eda­ra­la­ry­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry bo­ýun­ça Tes­wir­na­ma­lar se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­ny şert­len­di­rer di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ke­nar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da­ky yna­nyş­mak we bi­rek-bi­re­ge dü­şü­niş­mek gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak üçin Ha­zar deň­zin­dä­ki ha­dy­sa­la­ryň öňü­ni al­mak ha­kyn­da­ky Yla­la­şy­ga gol çe­kil­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, Ha­za­ryň pa­ra­hat­çy­lyk hem-de hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk zo­la­gy bol­ma­ly­dy­gy­ny ýe­ne bir ýo­la be­ýan et­di. Mun­dan baş­ga-da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz har­by çä­re­ler ba­bat­da Ha­zar deň­zin­de yna­nyş­mak ug­ru­ny mun­dan beý­läk-de iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň we ka­bul et­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bäş­ta­rap­la­ýyn yla­la­şy­gy iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň we Ha­zar deň­zin­de yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­me­giň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di. Ha­zar deň­zin­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we ola­ry ara­dan aýyr­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Yla­la­şy­gyň düz­gün­le­ri­ni ut­gaş­dyr­mak hem-de şeý­le­lik­de, Ha­zar­da göz­leg we ha­las ediş iş­le­ri ba­bat­da bäş­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly çä­re­le­ri öňe iler­let­mek bo­ýun­ça tek­lip öňe sü­rül­di. Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ha­zar deň­zin­de hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň ýurt­la­ryň söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag ba­bat­da­ky ýa­kyn­lyk de­re­je­si­ne bag­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyl­da ge­çi­ril­jek il­kin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň bu ugur­da­ky ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­ma­ga taý­ýar­dy­gy­nyň tas­syk­lan­ma­sy­na öw­rül­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di we bu fo­ru­my Türk­me­nis­tan­da ge­çir­me­gi tek­lip et­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pi­ki­ri­ne gö­rä, bu fo­ru­myň Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, işe­wür we yl­my dü­züm­le­riň, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da köp­ta­rap­la­ýyn yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk üçin he­mi­şe­lik he­re­ket ed­ýän bin­ýa­da öw­rül­me­li­dir, ol Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň her bi­rin­de ge­zek­me-ge­zek yzy­gi­der­li ge­çi­ril­me­li­dir. Mil­li Li­de­ri­miz ulag ul­ga­my­ny Ha­zar deň­zin­dä­ki öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm ug­ry hök­mün­de tas­syk­lap, bu ul­gam­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin Ha­zar ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň her bi­ri­niň ke­nar­ýa­ka şä­her­le­rin­de ge­zek­me-ge­zek esas­da ýer­leş­di­ril­me­li­dir. Ha­zar se­bi­ti bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­run­da mö­hüm orun eýe­le­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ha­za­ryň ozal­ky sam­mit­le­rin­de, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­syn­da, BMG-niň “Rio+20” Äh­lu­mu­my mas­la­ha­tyn­da we beý­le­ki iri fo­rum­lar­da öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry ýur­du­my­zyň ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­na yg­rar­ly­ly­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da hem-de Ha­zar deň­zi­niň se­bi­tin­de söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag-ara­gat­na­şyk pu­dak­la­ryn­da­ky ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ha­kyn­da­ky tek­lip­ler bar. Şeý­le­lik­de, ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len bu ge­zek­ki du­şu­şyk Ha­zar se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze tap­gy­ryň baş­lan­ýan­dy­gy­ny has aý­dyň­ly­gy bi­len äş­gär et­di we bäş­ta­rap­la­ýyn döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na hil taý­dan tä­ze iter­gi ber­di. Bu ba­ra­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýew bi­len sam­mi­tiň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şy­gyn­da hem be­ýan edil­di. Söh­bet­deş­ler du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy ýurt­la­ryň äh­li­si üçin örän mö­hüm bo­lan çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Şo­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy, se­bit­de howp­suz­ly­gyň üp­jün edil­me­gi, on­da yna­nyş­mak, bi­rek-bi­re­ge dü­şü­niş­mek ýag­da­ýy­nyň dö­re­dil­me­gi, dost­luk we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi ze­rur bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem ta­rap­lar Türk­me­nis­ta­nyň öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da gol çe­ki­len yla­la­şyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler. Olar ke­nar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň se­na­gat, ener­ge­ti­ka, lo­gis­ti­ka, sy­ýa­hat­çy­lyk we beý­le­ki pu­dak­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ni şert­len­di­rer. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tek­li­bi bo­ýun­ça il­kin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­ny 2019-njy ýyl­da Türk­me­nis­tan­da ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç bäş ýur­duň işe­wür to­par­la­ry­nyň we dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne tä­si­ri­ni ýe­ti­rer. Iki goň­şy döw­le­tiň Baş­tu­tan­la­ry Türk­men­ba­şy­nyň tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­ny, şol san­da onuň Ga­za­gys­ta­nyň port­la­ry bi­len ara­gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ma­gy­ny ulag ul­ga­my­nyň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň gel­jek­ki ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len sam­mi­tiň öňü­sy­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Bal­kan we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tun­da al­nyp ba­ryl­ýan gu­ra­ma­çy­lyk iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Hü­när­men­le­riň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, bu port Mer­ke­zi Azi­ýa we Ha­zar deň­zi se­bi­ti­niň ýurt­la­ry üçin örän äh­mi­ýet­li­dir. Onuň kuw­wat­lyk­la­ry­nyň do­ly güý­jün­de işe gi­ri­zil­me­gi Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň gat­na­şyk­la­ry­ny tä­ze de­re­jä çy­ka­rar hem-de hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ul­ga­my­na go­şu­lyş­ma­gy­ny, ýur­du­my­zyň mul­ti­mo­dal gat­na­şyk­la­ry ul­ga­myn­da­ky or­nu­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­ny şert­len­di­rer. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da Türk­me­nis­tan ulag ge­çel­ge­le­ri­ni art­dyr­mak bi­len, aw­to­mo­bil hem-de de­mir ýol­la­ryň, ho­wa we de­ňiz ugur­la­ry­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňeld­ýär hem-de äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösü­şiň ber­ki­dil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Mu­nuň özi Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň hä­zir­ki döw­re la­ýyk de­re­je­de tä­ze­den di­kel­dil­ýän­di­gi­ni äş­gär ed­ýär. Bu ugur­da gä­mi gur­lu­şy­gy we söw­da ho­ja­ly­gy mö­hüm orun eýe­le­ýär. Olar tu­tuş Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ýük gat­naw­la­ry­ny ös­dür­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Türk­men­ba­şy­da­ky tä­ze Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň öň­de­ba­ry­jy dü­zü­mi di­ňe bir ozal bar bo­lan däl, eý­sem, gel­jek­ki is­leg­le­ri ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga, ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry ýo­la goý­ma­ga ukyp­ly­dyr. Onuň do­ly kuw­wa­ty­na çyk­ma­gy yk­ly­ma­ra ýük gat­naw­la­ry­nyň lo­gis­tik ul­ga­my­nyň mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ma­gy­ny şert­len­di­rer. Bu top­lum ýük gat­naw­la­ry­nyň gys­ga we amat­ly ugur­la­ry­ny üp­jün et­mek ar­ka­ly üs­ta­şyr ge­çel­gä­ni eme­le ge­tir­ýär. Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň dü­zü­mi­ne pa­rom, ýo­lag­çy we kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry, “Bal­kan” gä­mi­gur­lu­şyk we abat­la­ýyş za­wo­dy, ke­nar dü­zü­mi­niň köp­san­ly des­ga­la­ry, şeý­le hem ulag üp­jün­çi­li­gi­ne de­giş­li es­ta­ka­da­la­ry, köp zo­lak­la­ry bo­lan aw­to­mo­bil ýol­la­ry hem-de de­mir ýol­lar gir­ýär. Hu­su­san-da, ýur­du­myz üçin düý­bün­den tä­ze önüm­çi­lik bo­lan “Bal­kan” za­wo­dy ýur­du­my­zyň gä­mi­gur­lu­şy­gy­ny ös­dür­mek üçin bin­ýat bol­dy. Gä­mi­le­ri gur­mak­dan baş­ga-da, bu ýer­de tan­ker­le­ri, gu­ry ýük gä­mi­le­ri­ni, tir­keg­le­ri we beý­le­ki­le­ri abat­la­mak bo­ýun­ça iş­le­riň do­ly tap­gy­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ler. Za­wo­dyň önüm­çi­lik bö­lüm­le­ri ýyl­da 10 müň ton­na po­la­dy iş­läp taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şu döw­rüň do­wa­myn­da döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de hal­ka­ra öl­çeg­le­ri­ne ky­bap gel­ýän aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry ulan­mak bi­len, za­wod dört we on­dan hem köp gä­mi­ni gur­ma­ga hem-de 20 gä­mi­ni abat­la­mak we hyz­mat et­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ge­çir­mä­ge ukyp­ly­dyr. He­niz za­wo­dyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar­ka, Türk­me­nis­tan­da hem, ýur­du­my­zyň çäk­le­rin­den da­şar­da hem ope­ra­tor­la­ry, ugur­daş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak we okat­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­ler ge­çi­ril­di. Za­wod IAСS-In­ter­na­tio­nal As­soсia­tion Сlas­si­fiсation Soсie­tes (MA­KO — Hü­när sy­nag­la­ry jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra as­so­sia­si­ýa­sy) MA­KO de­ňiz gat­naw­la­ry­nyň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek ba­ba­tyn­da stan­dart­la­ry we ka­da­la­ry iş­läp düz­mek we­zi­pe­si­ni ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Dün­ýä söw­da flo­tu­nyň möç­be­ri­niň 90 gö­te­rim­den gow­ra­gy MA­KO jem­gy­ýet­le­riň ag­za­la­ry­na de­giş­li­li­dir. Hä­zir­ki wagt­da “Bal­kan” za­wo­dyn­da üç gä­mi­niň abat­la­ýyş iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar, olar “Türk­me­nis­tan” we “Mag­tym­gu­ly” gu­ry ýük gä­mi­si­dir hem-de “Bi­ta­rap” ne­bit gu­ýul­ýan tan­ker­dir. Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de iş­le­ýän da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gä­mi­le­ri­ni abat­la­mak üçin hem müm­kin­çi­lik­ler bar. Hal­ka­ra de­ňiz por­tun­da ref­ri­že­ra­tor kon­teý­ner­le­ri­ni sak­la­mak hem göz öňün­de tu­tu­lan­dyr, meý­da­ny 9 müň ine­dör­dül metr­den gow­rak bo­lan ýa­pyk am­mar­lar bar. Bu ter­mi­nal se­bi­tiň eks­port-im­port ýük gat­naw­lar ul­ga­myn­da Türk­me­nis­ta­ny öň­dä­ki orun­la­ra çy­kar­ma­ga ukyp­ly­dyr. Mul­ti­mo­dal lo­gis­ti­ka top­lu­my ho­wa, aw­to­mo­bil we de­mir ýol ulag­la­ry bi­len ge­ti­ri­len kon­teý­ner ýük­le­ri­ni sak­la­mak hem-de top­lum­la­ýyn iş­le­mek bo­ýun­ça hyz­mat­lar ul­ga­my­ny ama­la aşy­rar, şo­la­ry gä­mi­le­re ýük­le­mek we dü­şür­mek amal­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­ti­rer. Kon­teý­ner ter­mi­na­ly­na gel­ýän äh­li mag­lu­mat­la­ry ope­ra­tor­la­ryň mo­ni­to­ryn­da gör­kez­ýän gö­zeg­çi­li­giň hem­ra ul­ga­my bi­len üp­jün edi­len­dir hem-de äh­li ba­bat­da CTQI (Con­tai­ner Ter­mi­nal Qua­li­ty In­dicator — kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry­nyň hil gör­ke­zi­ji­si) öl­çe­gi­ne la­ýyk­lyk­da tas­lan­dy. Soň­ky bir­nä­çe ýy­lyň do­wa­myn­da tu­tuş dün­ýä­de kon­teý­ner­le­riň do­la­ny­şy­gy çalt art­ýar, bu bol­sa kon­teý­ner ter­mi­nal­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy­na tä­si­ri­ni ýe­tir­di. CTQI öl­çe­gi­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy hyz­mat­la­ryň bu gör­nü­şin­de bir bi­te­wi hil gö­zeg­çi­li­gi­ni dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, tä­ze port “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na gel­ýän sy­ýa­hat­çy­la­ryň, oza­ly bi­len, goň­şy Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­rin­den gel­ýän ja­han­keş­de­le­riň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ýar­dam eder. Bu ýer­de dynç al­ýan­la­ry ýo­ka­ry de­re­je­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­ýän ka­şaň myh­man­ha­na­lar we amat­ly kot­tež top­lum­la­ry, döw­re­bap sport des­ga­la­ry hem-de ösen dynç alyş dü­zü­mi gar­şy alar. Bi­ziň ýur­du­myz dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň mö­hüm bö­le­gi, hä­zir­ki wagt­da ösü­şiň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­si bo­lan ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Bu ul­gam­da örän uly kuw­wa­ta eýe bo­lan Türk­me­nis­tan iri hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ni öňe sür­ýär. Şo­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň goň­şy se­bit­le­riň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy we söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny hä­zir­ki­za­man de­re­je­si­ne çy­kar­ma­ga, uzak gel­jek­de se­bi­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­na kuw­wat­ly iter­gi ber­mä­ge, Mer­ke­zi Azi­ýa­ny, Ha­zar, Ga­ra de­ňiz hem-de Bal­ti­ka se­bit­le­ri­ni, Or­ta we Ýa­kyn Gün­do­ga­ry, Gü­nor­ta hem-de Gü­nor­ta Gün­do­gar Azi­ýa­ny bir­leş­dir­ýän, tä­ze geoyk­dy­sa­dy gi­ňiş­li­gi­niň keş­bi­niň esa­sy­ny goý­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ulag bo­ýun­ça üç Ka­rar­na­ma­ny — 2014-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly ösüş mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň or­ny”, “2015-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam et­mek mak­sa­dy bi­len, ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da hem­me­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­me­giň ýo­lun­da” hem-de 2017-nji ýyl­da “Dur­nuk­ly ösüş ul­ga­myn­da mak­sat­la­ra ýet­mek üçin ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­mak” at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry ka­bul et­di. Türk­men ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Ga­za­gys­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran hal­ka­ra de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça tas­la­ma­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy goň­şy döw­let­le­riň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi­niň aý­dyň my­sa­ly­dyr, bu de­mir ýol se­bit we hal­ka­ra ulag dü­zü­mi­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bel­leý­şi ýa­ly, Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry­nyň bä­şi­si­niň çäk­le­ri Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän hem-de Gün­do­gar — Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ug­ry bo­ýun­ça ulag-üs­ta­şyr we söw­da ge­çel­ge­le­ri­niň hem-de ýük akym­la­ry­nyň gat­na­dyl­ma­gy­ny ýe­ňil­leş­dir­ýän te­bi­gy geog­ra­fi­ýa gi­ňiş­li­gi bo­lup dur­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ha­zar deň­zin­de ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär, şun­da ta­rap­la­ryň hoş­ni­ýet­li erk-is­le­gi, öza­ra hor­mat goý­mak, bi­rek-bi­re­giň bäh­bit­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na üýt­gew­siz eýer­mek esa­sy ýö­rel­ge­ler bol­ma­ly­dyr. Türk­men Li­de­ri eko­lo­gi­ýa daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, bu tä­sin te­bi­gy suw how­da­ny­nyň bio­dür­lü­li­gi­ni go­rap sak­la­mak, onuň baý­lyk­la­ry­ny re­je­li peý­da­lan­mak ul­ga­my­ny hyz­mat­daş­ly­gyň aý­ra­tyn ug­ry hök­mün­de kes­git­le­ýär. Bu ul­gam­da ýur­du­myz mil­li de­re­je­de yzy­gi­der­li iş­le­ri ge­çir­ýär, öz goň­şy ýurt­la­ry we hyz­mat­daş­la­ry, şeý­le hem ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len bi­le­lik­de Ha­zar­da bar bo­lan hem-de ýü­ze çyk­ma­gy müm­kin bo­lan eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ne tä­ze­çe çe­me­leş­me­gi hö­dür­le­ýär. BMG-niň esa­sy te­bi­ga­ty go­ra­ýyş Kon­wen­si­ýa­la­ry­ny tas­syk­la­mak hem-de öz üs­tü­ne borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge yg­rar­ly Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy (UNEP), Äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa gaz­na­sy (ÄEG) we beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­ler bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýär. Ýur­du­my­zyň Ha­zar eko­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­sy­ny (HEM) dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Ha­zar deň­zi­niň türk­men ke­na­ryn­da de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň iş­le­ri­ni ut­gaş­dyr­mak, Mil­li Ha­zar he­re­ket­le­ri­niň me­ýil­na­ma­sy­ny üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len ýur­du­myz­da Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Pu­da­ga­ra to­par dö­re­dil­di. Mer­ke­zi Azi­ýa­da we Ha­zar se­bi­tin­de eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­niň ge­ri­mi­niň giň­di­gi­ni na­za­ra al­mak bi­len, Türk­me­nis­tan BMG bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýö­ri­te dü­zü­mi – ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek tek­li­bi­ni öňe sür­di we bu dü­zü­miň iş­le­me­gi üçin ze­rur äh­li şert­le­ri dö­ret­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny be­ýan et­di. Kö­pu­gur­ly öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek, Ha­zar deň­zi­niň ägirt uly yk­dy­sa­dy, ulag we ener­ge­ti­ka kuw­wa­ty­ny do­ly he­re­ke­te ge­tir­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li çä­re­le­ri ge­çir­mek bi­len Türk­me­nis­tan ga­dy­my Ha­za­ra pa­ra­hat­çy­lyk, dost­luk hem-de yla­la­şyk deň­zi­niň de­re­je­si­niň be­ril­me­gi­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ed­ýär.

Soňky habarlar
16.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl Daşary syýasat
16.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
15.01
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2024-nji ýyl: daşary syýasat
15.01
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty — ählumumy abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant
14.01
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
14.01
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasy
14.01
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.01
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
13.01
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygarynyň şanyna dabara
13.01
TDHÇM-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 674 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow