Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
Türkmen-owgan gatnaşyklary dost-doganlyk goldawy arkaly rowaçlanýar
Teswirlemeler
Türkmen-owgan gatnaşyklary dost-doganlyk goldawy arkaly rowaçlanýar
Çap edildi 01.08.2018
5666

Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň we gülläp ösüşiň dabaralanmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryň herekete girizilmeginiň möhümdigini belleýär. Munuň özi Owganystandaky ýagdaýa goldaw bermäge, onuň ykdysadyýetiniň ösüşine, sebitleýin gatnaşyklar ulgamyna täze senagat, ulag we maýa goýum taslamalarynyň çekmek ýaly anyk işlerde öz beýanyny tapýar. Geçen hepdede goňşy ýurduň Bathyz welaýatynda gurlan Rabatkaşaň —Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamyň ulanmaga berilmegi türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ýeňillikli şertlerde ugratmagyň täze ugruny emele getirdi. Goşmaça elektrik beketleriniň we düzümleýin desgalaryň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen goňşy ýurda ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberi has-da artar. OYR-nyň Bathyz welaýatynyň häkimi Abdul Gafur Malikzaý milli Liderimize iberen hatynda bu taslamanyň ägirt uly ähmiýeti barada aýdyp, döwlet Baştutanymyza owgan halkyna berýän kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Minnetdarlyk hatynda aýdylyşy ýaly, häzirki döwürde Bathyzyň ilatynyň ojaklary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň üns bermegi netijesinde täze elektrik geçiriji ulgamyň kömegi arkaly nur saçdy. Ol owgan halkyna bildirilýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu taryhy ähmiýeti bolan desga welaýatyň ilatynyň minnetdar nesilleriniň hakydasynda hemişelik galar diýip, Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş sebitiniň ýolbaşçysy belleýär. Türkmen elektrik energiýasynyň owgan topragyna ägirt uly durmuş-ykdysady taýdan ösüşi şertlendirýändigini bellemeli. Bu ýerde parahatçylykly, döredijilikli, howpsuz we nurana geljege uly ynamy bolan täze durmuş döredilýär. Döwrebap elektrik geçiriji ulgam owgan halkynyň öýlerine nur çaýmak bilen bir hatarda, täze durmuş desgalarynyň gurulmagyna, önümçilik kärhanalarynyň, zawodlarynyň we fabrikleriň bina edilmegine giň mümkinçilik berýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň döremegini, halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny, daşary söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşmegini şertlendirýär. Bu desganyň açylyş dabarasyna gatnaşan OYR-nyň Prezidenti Aşraf Gani çykyşynda Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygyna Owganystanda aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyna, türkmen Lideriniň owgan meselesi bilen baglanyşykly oňyn halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýändigini, gadymy Merwiň çäginden Balh we Hyrat tarapyna çenli uzaýan Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamyň bu gadymy ýoluň täzeden dikeldilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüljekdigine ynam bildirdi. Umumy uzynlygy 112 kilometre deň bolan we sagatda 100 megawat geçirijilik ukyply täze elektrik geçiriji ulgamy Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň goşmaça tapgyrynyň ilkinji ugrudyr. Bu taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde ýurdumyzyň hünärmenleri elektrik üpjünçilik we podstansiýa desgalarynyň birnäçesini gurdular. Ýakyn wagtda 110 kW güýji bolan Kerki — Hamýap — Garkyn ugry boýunça degişli desgalary bolan elektrik geçiriji ulgam çekiler. Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat ýaly hereket edýän ulgamlar goňşy ýurduň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi we ykdysady taýdan galkynmagyny şertlendirdi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ugry boýunça döwletimiziň başlangyjy esasynda elektrik geçiriji ulgam we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy çekilýär. TOPH-nyň ugrundaky bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem ähmiýetlidir. Owganystany ykdysady taýdan galkyndyrmak meselesinde işjeň orun eýeleýän ýurdumyz birnäçe wajyp teklipleri öňe sürdi. Şolaryň hemmesi owgan meselesiniň çözgüdine, şol sanda gepleşikleri geçirmek üçin syýasy giňişligi bermek ýoly bilen özara ylalaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak üçin has täze ugurlary işläp taýýarlamak boýunça tagallalaryň birleşdirilmegini öňe sürdi. Hususan-da, gürrüň BMG-niň howandarlygynda bu ýurduň ykdysady taýdan galkynmagy boýunça uzakmöhletleýin maksatnamany taýýarlamak barada barýar. Türkmenistan diňe bir Owganystana ugradylýan elektrik energiýanyň möçberini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, serhetýaka sebitlerinde durmuş maksatly binalary gurýar. Hyratda bäbekhana öýi bina edildi. Bu saglygy goraýyş edarasynyň sazlaşykly işini ýola goýmak we ýerli ilatyň arasyndan degişli işgärleri taýýarlamak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana lukmanlar we şepagat uýalar topary, şeýle hem zerur dermanlyk serişdeleri we kömekçi serişdeler ugradyldy. OYR bilen ykdysady gatnaşyklar babatda aýdanyňda bolsa, geçen ýylyň awgust aýynda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazari-Şerif şäherinde “Türkmenistan” atly bilelikdäki söwda öýüniň açylmagy bu ugurda amala aşyrylýan anyk ädimdir. Söwda durmuş-ykdysady ösüşe we halkara hyzmatdaşlygyna giň ýol açýan gural hökmünde ähli döwürlerde bellidir. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň oňyn tejribesiniň döwrebap derejede ösdürilýändigini tassyklaýar. Mundan başga-da, sebitiň ýurtlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan Owganystana demir ýollar arkaly ugradylýan ýükleriň 75 göterimini üpjün edýär. Türkmenistandan Owganystana iberilýän dürli görnüşdäki ýükleriň mukdary artýar. Şolaryň köpüsi nebit önümlerinden we suwuklandyrylan gazdan ybaratdyr. Şeýle hem goňşy ýurda türkmeniň ak bugdaýy, un, sement, karbamid we beýleki harytlar ugradylýar. Üstaşyr geçelgeleriň ösdürilmegine ýurdumyz aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi bu ugurda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kömek edýär. Türkmen hünärmenleriniň guran Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly Türkmenistan —Owganystan — Täjigistan polat ýolunyň başlangyç ugry bolup durýar we üç ýurduň arasyndaky özara haryt dolanyşygynyň birnäçe esse artmagyna mümkinçilik berer. Şeýle hem ol sebitiň dünýä ykdysady giňişlige işjeň goşulyşmagyny şertlendirýär. Türkmen demirýolçy gurluşykçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Mary welaýatynyň Serhetabatdaky bekedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli demir ýoly gysga möhletde gurdular. Bu demir ýol Owganystanyň Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna goşulmaga we onuň üsti bilen tutuş sebite aralaşmaga mümkinçilik berýär. Demir ýollar we awtomobil ulag ýollary Turgundy şäherini hem-de Hyrat welaýatyny Aşgabat bilen we Türkmenbaşy şäheriniň Hazaryň kenaryndaky Halkara deňiz porty bilen baglanyşdyrýar. Soňra bu ugur Hazaryň üsti bilen Bakuwa çenli hem-de Tbilisiň üsti bilen Ankara we Stambula çenli uzar. Türkmenistanda bar bolan demir we awtomobil ýollary bu ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolmak bilen, onuň Turgundy ugruna birikmegini, öňi bilen bolsa, logistika üstaşyr geçelgäni üpjün etmäge, Owganystanyň ykdysady giňişlige goşulyşmagyna we sebitde söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kömek eder. Şeýlelikde, Serhetabat — Turgundy demir ýoly Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösmegi üçin goşmaça şertleri döretmäge, bu ýurtda kiçi we orta telekeçiligi işjeňleşdirmäge, owgan önümleriniň goňşy ýurtlaryň bazarlaryna çykarylmagyna oňyn şertleri üpjün eder. Türkmenistanyň hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyň esasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda her ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan ýaşlarynyň wekilleri bilim alýarlar. Şunda, elektrik energetika we ulag ugurlary boýunça hünärmenler, şeýle hem TOPH gaz geçirijisine hyzmat etjek işgärler taýýarlanylýar. Daşary syýasat ugrunyň netijeli häsiýete eýe bolmagy we halkara hyzmatdaşlygynyň oňyn ýörelgeleri ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bitarap Türkmenistan häzirki döwürde Merkezi Aziýada durnuklylygyň döredilmeginde möhüm orun eýeleýär we Owganystanyň ykdysady taýdan özbaşdak ýurt bolmagy hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy ugrunda zerur tagallalary edýär. Türkmenistanyň we Owganystanyň sebit hem-de sebitara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýär. 2018-nji ýylyň mart aýynda geçirilen BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde BMG-niň Owganystana goldaw bermek boýunça missiýasyny uzaltmak hakyndaky Kararnama kabul edildi. Resminama bilen BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary Owganystany ösdürmek, şol sanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren TOPH gaz geçirijisini gurmak babatdaky sebit taslamalaryny goldadylar. BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinde bellenilişi ýaly, ägirt uly TOPH taslamasy diňe bir sebit hyzmatdaşlygy amala aşyrmakda we utgaşdyrmakda däl, eýsem, ozal bar bolan meýilnamalary durmuşa geçirmegiň binýadyny goýmakda aýratyn ähmiýetlidir. Munuň özi Owganystanyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. 2017-nji ýylyň 14 — 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça ykdysady hyzmatdaşlygyň VII sebit maslahatynyň jemleri göz öňünde tutulan Kararnama dünýä bileleşigini sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge çagyrýar. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin gatnaşyklary, söwda we üstaşyr hyzmatdaşlygy, şol sanda Lazurit geçelgesiniň çäklerinde Owganystanda täze iş orunlarynyň döredilmegi möhüm bolup durýar. Türkmenistan owgan halky üçin ygtybarly, jogapkärli hem-de wepaly hyzmatdaşyň nusgasy bolup durýar. Ýurdumyzyň amala aşyrýan ykdysady taslamalarynyň BMG tarapyndan ähmiýetli we netijeli ýörelgeler hökmünde ykrar edilmegi seçilip alnan ugruň dürsdüginiň hem-de Türkmenistan bilen Owganystanyň halkara syýasy giňişliginde ýakyn gatnaşyk edýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyz mundan beýläk-de goňşy Owganystanyň dikeldilmegi ugrunda halkara tagallalaryna işjeň gatnaşar hem-de onuň durmuş-ykdysady düzüminiň ösdürilmegine, owgan halkynyň parahat hem-de abadan durmuşa bolan gyzyklanmalaryna goldaw berer.

Soňky habarlar
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow