Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Galla oragynyň depginleri: Mary welaýaty
Ykdysadyýet
Galla oragynyň depginleri: Mary welaýaty
Çap edildi 25.06.2018
1725

Mary welaýatynyň gallaçylary 25-nji iýundaky ýagdaýa görä, 265 müň tonna golaý bugdaý taýýarladylar. Döwlet buýurmasy 70 göterime golaý berjaý edildi. Taýýarlamagyň möçberi boýunça 36 müň 500 tonna töweregi bugdaý taýýarlap, Sakarçäge etraby, ozalkylar ýaly, statistik maglumatlarda ilkinji bolup barýar. Ikinji orunda taýýarlanan 34 müň tonna bugdaý bilen Garagum etrabynyň daýhan hojalyklary barýar. Baýramaly etraby öňdebaryjylaryň üçünjisi bolup, bu etrabyň ýer eýeleri Watanyň harmanyna 29 müň 800 tonna barabar ak bugdaý tabşyrdylar. Murgap etrabynda şondan az-owlak kemräk - 29 müň 100 tonna hasyl ýygnaldy. Ýolöten etrabynda hem bugdaý oragy dowam edýär. Bu etrap 2015-nji ýylda ýurduň iň gowy etraby diýen ady almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy hem-de ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde baýraga mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu bäsleşigiň netijeleri jemlenilende, durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň ençeme görkezijileri, şol sanda bugdaý öndürmek babatda gazanylanlar nazara alynýar. Häzirki möwsümiň barşynda bu etrabyň kärendeçileri 21 müň tonnadan gowrak bugdaý taýýarladylar, şertnamalaýyn borçnama 75 göterim ýerine ýetirildi. Mary welaýatynda güýzlük bugdaý ýetişdirmäge bölünip berlen meýdanlaryň köp böleginde hasyl ýygnaldy. Häzirki wagtda kombaýnlaryň 290-sy döwek işlerini alyp barýarlar. Gündelik ösüş arassa agramda bugdaýyň 5 müň 260 tonnasyna deňdir. Her bir kärendeçi üçin bereketli hasyl - munuň özi bolelinligiň esasydyr, hünär taýdan ussatlygyňa synagdyr. Obada ýyl-ýyldan bäsleşip işleýänlere deňleşmek isleýänleriň, topraga hyzmat etmek başarnygyny iş ýüzünde görkezenleriň sany barha artýar. Bu bolsa oba hojalygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri möçberli özgertmeleriň möhüm netijesidir.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow