Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Galla oragynyň depginleri: Mary welaýaty
Ykdysadyýet
Galla oragynyň depginleri: Mary welaýaty
Çap edildi 19.06.2018
1711

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda galla oragynyň depgini barha güýçlenýär. Galla meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda tutanýerli zähmet gaýnap joşýar. Türkmen ekerançylary ýetişdirilen hasyly öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak hyjuwynda joşýarlar. Watan harmanyna Mary welaýatynyň gallaçylaryndan azyklyk dänäniň eýýäm 230 müň tonnasyna golaýy gelip gowuşdy. 19-njy iýuna çenli döwlet tabşyrygy 60 göterim ýerine ýetirildi. Statistik maglumatlara görä, tabşyrylan bugdaýyň möçberi boýunça Sakarçäge etraby öňde barýar. Bu etrapda 31 müň tonna golaý bugdaý taýýarlanyldy. Ikinji orunda Garagum etrabynyň daýhan hojalyklary barýarlar, olaryň öndüren bugdaýy 29 müň tonnadan gowrakdyr. Murgap etrabynyň gallaçylary ak bugdaýyň 25 müň tonnadan gowragyny tabşyryp, üçünji orunda barýarlar. Ýurdumyzyň günorta künjeginde hem bugdaý oragy dowam edýär. Bu ýerde Tagtabazar etraby öňdäkileriň hatarynda barýar. Bu etrabyň kärendeçileri 20 müň 300 tonna däne ýygnadylar. Tutuş sebit boýunça 121 müň 100 gektar meýdanda galla oragy geçirildi. Her gün taýýarlaýyş nokatlaryna 4 müň 860 tonna däne ugradylýar. Häzirki wagtda welaýatda galla oragynda kombaýnlaryň 370-e golaýy işledilýär, mehanizatorlar işiň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Hyzmat edýän tehnika, abatlaýyş-mehaniki toparlar galla oragynda ýüze çykýan islendik näsazlyklary çalt aradan aýyrmaga taýýar bolar. Galla oragynda, ýygnalan hasyly daşamakda we saklamakda islendik ýitgileri has azaltmak üçin, hünärmenler ulag-logistikasynyň, welaýatyň ýollarynda ýük awtoulaglarynyň hereket edýän ugurlarynyň üstünde içgin işlediler. Oba zähmetkeşleriniň öňünde uly işler dur. Bugdaý hasyly ýygnalan badyna meýdanlary haşal otlardan arassalamak we olary täze ekiş möwsümine taýýarlamak üçin ýerlerde birnäçe gezek sürüm işleri geçirilýär. Dänelik ekinleriň hasyllylygyny, sürüm ýerlerini ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, tehnikalary täzelemek boýunça yzygiderli geçirilýän işler ýurdumyzyň gallaçylygynda üstünligiň girewi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, obasenagat toplumyna döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilýär, döwrebap düzümi döretmäge ýokary öndürijilikli kombaýnlary, traktorlary, ýöriteleşdirilen enjamlary satyn almaga iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary, hojalygy ýöretmegiň täze usullaryny hem-de dolandyryş tejribesini ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň galla oragy möwsüminde ekerançylaryň öz öňlerinde goýlan wezipäni — ýurdumyzda öndürilýän bugdaýyň hasabyna azyk howpsuzlygyny has-da pugtalandyrmak baradaky wezipäni ýerine ýetirmekleri üçin ähli mümkinçilikleri bar.

Soňky habarlar
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow