Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Galla oragynyň depginleri: Ahal welaýaty
Ykdysadyýet
Galla oragynyň depginleri: Ahal welaýaty
Çap edildi 15.06.2018
1932

Ahal welaýatynyň galla ekilen meýdanlarynda bugdaýyň ýetişdirilen hasylyny ýygnamak boýunça depginli işler dowam edýär. Bu ýerde eýýäm orak möwsüminiň deň ýarysy geçilip, 112 müň gektara golaý meýdanyň bugdaýy oruldy. Watan harmanyna azyklyk dänäniň 227 müň tonna golaýy tabşyryldy. Ahalda gallanyň bol ýerleriniň biri — Tejen etrabynyň daýhan birleşiklerinde möwsüm batly depginler bilen dowam edýär. 43 müň 900 gektar meýdanda bereketli hasyl ýetişdirildi, munuň özi öňde goýlan maksady gazanmaga: döwlete dänäniň 92 müň tonnadan gowragyny tabşyrmak baradaky maksada ýetmäge ynam döredýär. Şu ýyl daýhanlaryň orak möwsümine örän jogapkärçilikli taýýarlanandyklaryny bellemek gerek. Tomsuň şu yssy günlerinde esasy agram mehanizatorlaryň gerdenine düşýär. Etrabyň altynsow galla meýdanlarynda gije-gündiziň dowamynda kuwwatly bugdaý orujy kombaýnlaryň 110-sy işledilýär, olara ýük awtoulaglarynyň 550-si hyzmat edip, dänäni kabul ediş nokatlaryna we elewatorlara dessine ýetirýärler. Türkmen dänesiniň taryhy watany bolan Ak bugdaý etrabynda ýokary öndürijilikli tehnika bil baglaýarlar. Onuň toplumynda 111 sany maşyn bolup, olar esasan “John Deere” (ABŞ) we “CLASS” (Germaniýa) kysymly däne orujy kombaýnlar biziň meýdanlarymyzda özüni gowy tarapdan görkezdiler, olaryň ygtybarlylygyna we netijeliligine ekerançylar mynasyp baha berdiler. Etrapda güýzlük däne 39 müň gektar meýdanda ekildi. Şertnamalaýyn borçnamalaryna laýyklykda ýerli kärendeçiler dänäniň 89 müň tonnasyny taýýarlamalydyr. Häzir olaryň hasabynda bugdaýyň 51,3 müň tonnasy bar. 2014-nji ýylda Ak bugdaý etrabynyň ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen at ugrunda bäsleşigiň ýeňijisi bolup, ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde sylaga mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen esaslandyrylan bu bäsleşigiň netijeleri jemlenende durmuş-ykdysady ösüşiň ençeme görkezijileri, şol sanda däneçilikde gazanylan üstünlikler nazara alynýar. Ahal welaýatynda şu möwsümiň öňdebaryjylarynyň hatarynda Gökdepe we Sarahs etraplary bar. Olaryň birinjisinde 12,1 müň gektar meýdandan häzire çenle dänäniň 16 müň tonnadan gowragy, ikinjisinde 20,5 müň gektar meýdandan 28,6 müň tonna golaý bugdaý ýygnaldy. Şeýlelikde, borçnama 60 göterimden gowrak ýerine ýetirildi. Sebit boýunça döwlet gaznasyna her gün 24 müň 750 tonna bugdaý tabşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda azyklyk däne öndürýän pudagy ösdürmek ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy, Türkmenistan öz çöregi bilen özüni doly üpjün edýär. Häzirki möwsümiň netijeleri türkmen daýhanlarynyň ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny we eksport kuwwatyny berkitmäge nobatdaky möhüm goşandy bolar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow