Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TSTB-niň forumy maýa goýum we innowasion işlerini işjeňleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi
Ykdysadyýet
TSTB-niň forumy maýa goýum we innowasion işlerini işjeňleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi
Çap edildi 18.03.2018
2111

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň bu iri guramanyň döredilmeginiň on ýyllygyna bagyşlanan sergisi we maslahaty öz işini tamamlady. Forumda obasenagat toplumynyň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň telekeçiliginiň üstünlikleri görkezildi, bu gözden geçiriliş şeýle hem içeri we daşary bazarlarda hususy kärhanalaryň önümleriniň hem-de hyzmatlarynyň öňe ilerlemegine, Watanymyzyň işewürliginde maýa goýum we innowasion işleri ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam etdi. Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň işewür toparlarynyň we daşary döwletleriň birnäçesiniň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda forum geçirildi. Serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. Bu ýere ýygnananlar telekeçiler bilen geçirilen duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalarynyň, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasyny döretmäge degişli resminamanyň, “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” taryhy ähmiýetini nygtadylar. Bu maksatnamanyň ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy wezipelerini beýan edýändigi hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga, hususy ulgamyň önümçilik, innowasion we maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilendigi bellenildi. TSTB-niň sergisine we maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň telekeçiligini goldaýandygy, eziz Watanymyzyň bähbidine mundan beýläk-de işlemäge şert döredilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk beýan edildi.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitindäki çykyşy
top-arrow