Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
DHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-niň 19 million dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
DHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-niň 19 million dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 03.03.2018
1766

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Şweýsariýadan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri tehniki kükürde (“Türkmengaz” DK) isleg bildirdiler. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere aýna, nah ýüplük, egirme önümleriniň galyndylary, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 176 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýa Federasiýasynyň we Türkiýäniň işewürleri jemi bahasy 6 million 145 müň manatdan gowrak arassalanan pagta ýagyny, nah ýüplügi, matalaryň galyndylaryny satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 27 müň manatdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow