Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Nebit we pagtanyň gaýtadan işlenen önümleri birža söwdalarynyň esasy harydy boldy
Ykdysadyýet
Nebit we pagtanyň gaýtadan işlenen önümleri birža söwdalarynyň esasy harydy boldy
Çap edildi 17.02.2018
2136

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awiakerosini satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçilere portlandsement, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million 860 müň dollaryndan gowrak boldy. Manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 2 million 588 müň manatdan gowrak nah matany we ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 29 million manada barabar polipropileni (TNGIZT) we pagta süýümini satyn aldylar.

Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.09
Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
17.09
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara
16.09
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy
top-arrow