Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ulag-kommunikasiýa toplumy durnukly ösüş depginini görkezýär
Ykdysadyýet
Ulag-kommunikasiýa toplumy durnukly ösüş depginini görkezýär
Çap edildi 26.01.2018
1803

Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumy 2017-nji ýyly ýokary görkezijiler bilen tamamlady. Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde wise- B.Annameredowyň habar berşi ýaly, 2017-nji ýylda 4 milliard 892 million manatlyk ýük, weýolagçy gatnatmak hyzmatlary ýerine ýetirilip, meýilnama 103 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 105 göterime deň boldy. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça on iki aýda hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda meýilnama 125 göterim berjaý edildi, ösüş depgini bolsa 100 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda 101 göterime barabar boldy. Geçen döwürde “Hýundai” kysymly şäheriçi awtobuslarynyň 500-si, “Yutong” kysymly uly awtobuslaryň 40-sy hem-de orta kysymly awtobuslaryň 50-si, “Toyota Hiace” kiçi awtobuslarynyň 50-si hem-de “Toyota Corolla” taksileriň 200-si satyn alyndy. Ýolagçylary gatnatmak boýunça 34 sany täze ugurlar, şol sanda 9 şäheriçi, 1 şäherara we 24 şäherýaka gatnaw ugurlary açyldy. 2017-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Aragatnaşyk ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 103,6 göterime deň boldy. Ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, 441 müň, şol sanda 408 müň öýjükli belgi, 33 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 196 göterim berjaý edildi. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 88 müň 848 telefon belgili 296 telefon beketleri gurnaldy hem-de 3 müň 597 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi. “Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatlaryndan 5 million 672 müňden gowrak müşderileriň peýdalanýandygy, 157 döwletde bütin dünýä boýunça 277 sany öýjükli aragatnaşyk operatorlary tarapyndan rouming hyzmatlarynyň hödürlenilýändigi habar berildi. “Türkmenhowaýollary” gullugy boýunça garalýan döwürde awiahyzmatlary ýerine ýetirmek babatda ösüş depgini 136 göterime ýetdi. Bu görkeziji ýük we ýolagçy dolanyşygy boýunça degişlilikde 122 göterime we 101 göterime deň boldy. Uçarlara tehniki taýdan hyzmat etmek babatda hyzmatlaryň gerimi giňelýär. Şunuň bilen baglylykda, geçen döwürde ýerüsti gulluklar tarapyndan daşary ýurtlaryň uçarlarynyň 2 müň 256-syna tehniki hyzmatlaryň ýerine ýetirilendigi barada hasabat berildi. Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işler babatda gazanylan ösüş depgini 105 göterime deň boldy. Ýük daşamak boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 152 göterime ýetdi, ýolagçy dolanyşygy boýunça ösüş depgini 154,3 göterime barabar boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ulag ulgamynyň ösdürilmegine uly goldaw berýändigini, emma häzire çenli onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işleriň kanagatlanarsyz alnyp barylýandygyny nygtady. Demir ýollary döwrebaplaşdyrmak, ilata ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek boýunça meseleler haýal çözülýär. Pudagyň guramalaryny we kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça işler ýeterlik derejede amala aşyrlmaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere zähmet düzgün-nyzamyny berkitmek boýunça çäreleri görmegi hem-de ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagy gazanmagy tabşyrdy.

Soňky habarlar
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
01.05
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.05
Bilim ministrligine Türkmenistanda öndürilen noutbuk kompýuterlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
01.05
Türkmen saz sungatynyň ussadyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
30.04
Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry — se­bi­tiň we dün­ýä­niň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge go­şant
29.04
Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi
29.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi
28.04
Paýtagtymyzda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçirilýär
28.04
Türkmenistanda Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow