Baş sahypa
\
\
Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegi boýunça - Amuldan Hazara çenli welosipedli ýaryş geçiriler
Beýik Ýüpek ýolunyň bir bölegi boýunça - Amuldan Hazara çenli welosipedli ýaryş geçiriler
Çap edildi 15.12.2017
3670

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine “Amuldan Hazara çenli” atly awtomobil ýaryşyny guramagy tabşyrypdy. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji dekabrda bolan hökümetiň mejlisinde döwlet Baştutanymyz bu ugur boýunça welosiped ýaryşyny, onuň welaýatlaryň çäginden geçýän böleklerinde bolsa sport ylgaw ýaryşlaryny guramak barada teklibi öňe sürdi. Milli Liderimiz medeni we sagaldyş maksatlaryny özünde jemleýän şeýle çäreleriň jemgyýetimizde işjeň durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, ülkämizi öwrenmäge, ýurdumyzyň taryhyny bilmäge ýardam etjekdigini nygtady. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça syýahatçylyk we gezelenç saparlaryny guramagyň möhümdigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sporty, bedenterbiýe hereketini wagyz etmäge, halkymyzyň medeni mirasyny tanyşdyrmaga täze çemeleşmeleri ornaşdyrmalydygyna ünsi çekip, köpçülikleýin işiň öwreniş syýahatçylygy we dürli sport çäreleri ýaly görnüşlerini birleşdirmegiň dogry boljakdygyny aýtdy.

Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
29.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
29.09
Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
29.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 821 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow