Baş sahypa
\
Teswirlemeler
\
2023-nji ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Teswirlemeler
2023-nji ýylyň ýanwary: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Çap edildi 09.02.2023
4113

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» we halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna pugta eýerip, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin amatly şertleri döretmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna işjeň gatnaşýar we başlangyçlary öňe sürýär. 2023-nji ýylyň birinji aýynda-da şu babatda netijeli işler alnyp baryldy. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda geçirilen köpugurly çäreleriň hatarynda ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn duşuşyklar, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, maslahatlar, dürli derejedäki sergilerdir forumlar bar.

Şu ýylyň 8 — 10-njy ýanwary aralygynda Türkmenistanyň parlament wekiliýeti Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Aziýa Parlament Assambleýasynyň 13-nji umumy mejlisine gatnaşdy. Onuň dowamynda biziň döwletimiziň parlament diplomatiýasy arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek babatda ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, halkara giňişlikde energiýa, ulag, ekologiýa, medeni-ynsanperwer diplomatiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Mejlisiň jemleri boýunça Jarnama kabul edildi.

Forumyň çäklerinde Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň we Aziýa Parlament Assambleýasynyň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda netijeli pikir alyşmagyň möhümdigi, şeýle çäreleriň parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden has giňişleýin peýdalanmak nukdaýnazaryndan ähmiýetlidigi nygtaldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Aziýa Parlament Assambleýasynyň we Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde ýurtlarymyzyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlamentara dialogyň ähmiýeti bellenildi.

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mahdi Safari bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ýangyç-energetika we üstaşyr ulag ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäre guraldy. Oňa Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň işgärleri, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýaşlaryň döwletimiziň geljegini kesgitlemekde eýeleýän esasy orny, olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagy, watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenilmelidigi barada aýtdylar. Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasyny işläp düzmegiň, şeýle hem olaryň daşary ýurtly deň-duşlary bilen dürli ugurlarda, hususan-da, bilim, ylym, medeniýet we sport, parlament diplomatiýasy we halkara syýasat ýaly ugurlarda ylmy-barlag taslamalaryny amala aşyrmagyň wajypdygy nygtaldy.

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gyrgyz Respublikasynyň we Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

16-njy ýanwarda Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler we daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, ekologiýa, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek boýunça Türkmenistanyň başlangyjy beýan edildi. Merkeziň esasy maksady howanyň üýtgemegi babatda sebitiň tehnologik ösüşine goldaw bermekden, Hazar deňziniň howasynyň üýtgemegine uýgunlaşmakdan, onuň türkmen böleginde deňiz giňişligini meýilleşdirmek konsepsiýasyny işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.

16-17-nji ýanwarda Türkmenistanyň we Fransiýanyň, 27-nji ýanwarda bolsa Türkmenistanyň we Germaniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklarda Türkmenistanyň Fransiýa, Germaniýa bilen, şol sanda sebit we halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy bilen bagly meselelere garaldy. Parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns çekildi, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, arheologiýa we muzeý işi, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda ylalaşyklary bilelikde amala aşyrmagyň möhümdigi bellenildi.

19-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahaty Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boldy. Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Wekiliýetiň düzümindäki ýokary wezipeli myhmanlaryň hatarynda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem bar.

Şeýle hem Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, täjirçilik däl guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň, kärhanalaryň ýolbaşçylary dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzüminde ýurdumyza geldiler. Forumyň çäklerinde iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda dürli ulgamlarda, şol sanda senagat kooperasiýasy we gurluşyk önümçiligi, innowasiýa-maglumat tehnologiýalary, ulag-logistika, energetika ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerine, bilim we medeniýet edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy, derman senagaty, lukmançylyk ulgamlarynda, obasenagat toplumy we beýleki pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, aýratyn ykdysady zolaklary, senagat we tehnoparklary, inženerçilik, ylmy-barlag merkezlerini döretmek, nano we IT tehnologiýalary ösdürmek, kompozit serişdeleriniň, robot tehnikalarynyň önümçiligini ýola goýmak ýaly ugurlarda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. 20-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda dürli görnüşlerde geçirilen duşuşyklarda, şeýle-de Türkmen-rus we Rus-türkmen işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iri önümçilik düzümleriniň, hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň arasyndaky duşuşyklarda senagat kooperasiýasy, gurluşyk önümçiligi, innowasiýa hem-de maglumat tehnologiýalary, ulag-logistika, oba hojalyk pudagy, azyk önümleriniň eksporty we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri barada pikir alşylyp, anyk teklipler beýan edildi.

Utgaşykly görnüşde, şol sanda sanly ulgam arkaly geçirilen işewürler geňeşleriniň mejlisiniň jemleri boýunça 20-den gowrak resminama — eksport-import amallary, hyzmatlar ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça şertnamalara, özara düşünişmek hakynda ylalaşyklara we ähtnamalara gol çekildi.

19-20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşyklarynda türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň ugurlarynyň giň gerimi, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Euronews” maglumat teleýaýlymynyň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda soňky on ýylyň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleri, ýurdumyzda geçirilýän halkara we sebit ähmiýetli çäreleri şöhlelendirmek boýunça geljegi uly taslamalara üns berildi hem-de halkara maglumat giňişliginde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen meýilnamalar beýan edildi.

24-nji ýanwarda türkmen wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň Daşkentde geçirilen 26-njy mejlisine gatnaşdy. Mejlisde söwda, maýa goýumlar, “ýaşyl” ykdysadyýet, sanlylaşdyrmak, energetika, azyk howpsuzlygy, ekologiýa, oba hojalygy, ulag we beýleki ugurlar boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň köp sanly meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şol gün Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda söwda-ykdysady, senagat, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine garaldy.

24-25-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen Kararnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan utgaşykly görnüşdäki resmi çäre geçirildi. Maslahata BMG-niň düzüm birlikleriniň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, gurama agza döwletleriň, halkara we sebit guramalarynyň, raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň ilerledilmeginiň bähbidine guralan ählumumy çäre Türkmenistanyň diňe bir ähli ýurtlaryň we halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň jedelleri parahatçylykly ýollar arkaly çözmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermek maksady bilen, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan anyk işleri durmuşa geçirýändiginiň hem aýdyň subutnamasy boldy.

30-njy ýanwarda paýtagtymyzda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodiniň arasynda giňişleýin düzümde duşuşyk geçirildi. Duşuşykda parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, ugurdaş komitetleriň çäklerindäki gatnaşyklar, kanun çykaryjylyk ulgamynda netijeli tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.Wolodin döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtap, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini kanunçylyk taýdan üpjün etmek üçin zerur işleri ýerine ýetirmegiň möhümdigini belledi. Şunda parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Munuň özi 2022-nji ýylyň iýun aýynda Russiýanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda gol çeken Jarnamasynda kesgitlenen wezipeleriň biridir. Şeýle hem geçen ýylyň noýabr aýynda Moskwada saparda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine itergi berendigi nygtaldy.

Parlamentara gatnaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki taslamalaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermegiň möhümdigi nygtaldy. Şeýle-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Şeýlelikde, geçen aýda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçirilen çäreler ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýän Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli amal edilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow