09.07
2015
Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly adamlar!
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemlemek bilen, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňümizde durýan wezipeler barada durup geçmek isleýärin.
09.07
2015
Aşgabat, 9-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenildi, şeýle hem Prezident maksatnamasynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi.
07.07
2015
Aşgabat, 7-nji iýul /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Gana Respublikasynyň Türkmenistanda işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Alhaji Bawa Gilbert Aembillahdan ynanç hatyny kabul etdi.
06.07
2015
Aşgabat, 6-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Lahssan Boufaresden ynanç hatyny kabul etdi.
03.07
2015
Tbilisi-Aşgabat, 3-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýa iki günlik resmi saparyny tamamlady.
02.07
2015
Aşgabat-Tbilisi, 2-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
01.07
2015
2-iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary başlanýar. Bu sapar dostlukly döwletiň Baştutany Giorgiý Margwelaşwiliniň çagyrmagy bilen amala aşyrylýar.
01.07
2015
Aşgabat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meselelere, milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň barşyna, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
30.06
2015
Aşgabat, 30-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän gaýragoýulmasyz çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
29.06
2015
Aşgabat, 29-njy iýun /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly Kun Minnäni hem-de Ýewropanyň meşhur “Cargolux Airlines International S.A.” awiakompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Dirk Raýhy kabul etdi.