Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: bank ulgamynyň durnuklylygy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de okgunly ösüşini kesgitleýär
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: bank ulgamynyň durnuklylygy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de okgunly ösüşini kesgitleýär
Çap edildi 01.11.2017
1982

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerine we ähli ildeşlerimize Türkmenistanyň milli pul birligi - manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyry iberdi. Gutlagda şeýle diýilýär: Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň bank ulgamynyň ygtybarlygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orny eýeleýär. Bu ulgamyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygyny, depginli ösüşini üpjün etmek hem-de dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy üçin möhümdir. Bank işiniň netijeli we ygtybarly bolmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, hil taýdan halkara derejelerine çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny, innowasion tehnologiýalaryny bank işine giňden ornaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglerine laýyk getirmek ugrundaky işler dowam etdirilýär. Yurdumyzyň banklary tarapyndan hyzmatlaryň görnüşleri artdyrylýar hem-de hili ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän okuwlar, maslahatlar arkaly yzygiderli ýokarlandyrylýar. Biz geljekde hem ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksporta gönükdirilen pudaklaryna maliýe taýdan goldaw bermäge, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, bank ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmäge, ulgama in täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris.

Soňky habarlar
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
top-arrow