Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
03.03 2018
2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Daşkentde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin özbek paýtagtyna wise-premýer B. Annameredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekilýeti geldi. Duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
03.03 2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji martda geçirilen hökümet mejlisinde Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň geçiriljekdigini habar berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, öňde boljak foruma Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşar.
03.03 2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
02.03 2018
Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da ge­çen iki aýyň do­wa­myn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri ba­ra­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di, şeý­le hem döw­let dur­mu­şy­nyň bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.
02.03 2018
Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
02.03 2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny, şeýle hem şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.
02.03 2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 21-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek bellenildi. Resminama bilen ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmen boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
02.03 2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Hojamuhammedowiç Amanlyýew şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
01.03 2018
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedow Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. Mej­lis­de Ýa­rag­ly Güýç­le­riň dür­li bö­lüm­le­ri­niň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len şu ýy­lyň iki aýyn­da har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň alyp ba­ran iş­le­ri­niň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ral­dy hem-de ýa­kyn gel­jek üçin ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­ler kes­git­le­nil­di.
01.03 2018
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanlary bilen, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy – Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, polkownik Begenç Ataýewiç Çündogdyýewe general-maýor harby ady, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik Atadurdy Ataberdiýewiç Osmanowa polkownik harby ady dakyldy.
804 sahypa
Soňky habarlar
07.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
07.05
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
07.05
Watan gahrymanlarynyň hormatyna dabaralar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi