Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
Syýasy habarlar
11.07 2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkiminiň orunbasary Hajygeldi Baýramdurdyýewiç Orjykowyň üstüne ýüklenildi.
09.07 2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Akihito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren giň gerimli suw joşguny we süýşgünler zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.
09.07 2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Tekirdag welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren otly heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi.
06.07 2018
Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
05.07 2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň 2018-nji ýylyň alty aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi. Mejlisde Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy, hökümetiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň häkimlikleriniň işleriniň netijelerine garaldy, degişli guramaçylyk meselelerine seredildi we ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Mejlise parlamentiň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
05.07 2018
05.07 2018
«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylda çagyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda çykaran 205-nji Permanyny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
05.07 2018
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini guramaçylykly geçirmek hakynda
05.07 2018
Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda
05.07 2018
Ýaztagan Gylyjowy Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmak baradaky baş müdirligiň başlygy wezipelerinden boşatmaly.
833 sahypa
Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar