07.05
2018
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagat pudagynda gazanylýan üstünlikleri we täzelikleri giňden ýaýratmak, halk köpçüligine öz wagtynda we talabalaýyk ýetirmek hem-de senagat pudagynyň kämilleşdirilişini yzygiderli beýan etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
07.05
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aşyrmämmedow Durdy Saparmämmedowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
04.05
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meselelerine hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyna garaldy.
04.05
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany H.A.Gurbanow hakynda
Halykdurdy Annadurdyýewiç Gurbanowy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
04.05
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Atajanowa Aýjeren Ýazlyýewna özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
03.05
2018
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Milli goşunymyzyň söweşjeň ukybyny duýdansyz barlamak, goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzüminiň söweşjeň tälimini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, göni wideoaragatnaşyk arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe bellenen tertipde harby bölümleri dessin söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirmek barada buýruk berdi.
03.05
2018
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi boldy.
03.05
2018
“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Orazgeldi Gurbangeldiýewiç Golbaýew Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.
02.05
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.
02.05
2018
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly halkara forum geçirildi. Onuň açylyşyna hem-de dabaraly mejlisine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.