Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
Syýasy habarlar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» kompaniýasynyň wekilini kabul etdi
Çap edildi 30.09.2018
1379

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “John Deere” amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny — Ýewropada, GDA we Aziýa ýurtlarynda we Afrikada oba hojalyk we bag-seýilgäh tehnikalary bölüminiň prezidenti Mark fon Pentsy kabul etdi. Duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, jenap Mark fon Pents döwlet Baştutanymyzy ýakynda bellenilip geçilen baýramçylyk — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygy bilen gutlap, milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Bellenilişi ýaly, “John Deere” kompaniýasy Türkmenistan bilen 25 ýyllyk hyzmatdaşlygyna tüýs ýürekden buýsanýar we netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň dünýä işewürliginiň öňdebaryjy wekilleri, hususan-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň wekilleri bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. Obasenagat ulgamynyň kuwwatyny artdyrmak, dünýäniň iň oňat tejribesi esasynda oba hojalygyny tehniki we tehnologiýa taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugrudyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de köpýyllyk hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerini we “John Deere” kompaniýasynyň ençeme ýyllaryň dowamynda obasenagat toplumynyň ulgamynda bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýandygyny, kompaniýanyň tehnikalarynyň ýerli şertlere uýgunlaşýandygyny we özüni oňat tarapdan görkezendigini kanagatlanma bilen nygtady. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Jenap Mark fon Pents ozal gazanylan ylalaşyklar babatda görlen çäreler barada habar berip, gatnaşyklary, şol sanda däne orujy we pagta ýygyjy kombaýnlaryň, traktorlaryň Türkmenistanyň toprak-howa şertleri nazara alnyp ýörite taýýarlanylan iň täze görnüşleriniň nusgalaryny görkezdi. Bu tehnikalaryň iş aýratynlygy topragyň, howanyň we ekiniň ýagdaýyny göz öňünde tutýandygynda jemlenýär. Munuň özi sanly ykdysadyýetiň, oba hojalyk pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup, hormatly Prezidentimiziň pudaklarda ösen tehnologik çözgütleri giňden peýdalanmak baradaky talaplarynyň ýerine ýetirilýändigini görkezýär. Kompaniýanyň wekili şeýle hem dürli oba hojalyk we bag-seýilgäh enjamlaryny ibermegiň hasabyna gatnaşyklary giňeltmek boýunça birnäçe tekliplerini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigini ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde oba hojalygyny özgertmek bilen bagly kabul edilen çözgütler hem aýdyňlyk bilen tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, taryhy Halk Maslahatynyň mejlisinde “Oba hojalyk pudagynda geçirilen özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda” Karar kabul edildi. Resminama birnäçe wezipeleriň, şol sanda dörediljek oba hojalyk maksatly ýer gaznasyndan Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridik şahslara hem-de raýatlara ýer böleklerini 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga bermek, önüm öndürijilere oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we abzallaryny hem-de suw tygşytlaýjy tehnikalary we enjamlary satyn almak üçin, satyn alynýan serişdeleriň doly bahasynyň 70 göterimine çenli möçberde hem-de galan bölegi üçin bolsa, aljak girdejilerini girew goýmak hakynda bank karzlaryny bermek we ençeme beýleki möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. Döwlet Baştutanymyz işewür gatnaşyklary berkitmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, şu babatda oba hojalyk tehnikalaryna hyzmat etmegiň we hünär derejeli inžener-tehniki işgärleri taýýarlamagyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýandygyny nygtady. Duşuşygyň ahyrynda “John Deere” kompaniýasynyň wekili bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, oýlanyşykly maýa goýum syýasatyny hem-de ýurduň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyny goşmak bilen işewürligi üstünlikli alyp barmaga hemme şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmak üçin kompaniýanyň mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
03.05
Türkmenistan — TÜRKSOÝ: doganlyk halklary ýakynlaşdyrýan medeni dialog
02.05
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan we meýilleşdirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy
02.05
Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert ýaýbaňlandyryldy
top-arrow