16.04
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Tomas Greminger bilen duşuşdy. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagynyň 20 ýyllygyna gabatlanylan çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.
16.04
2019
Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsullygy Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda futbol boýunça ýaryş geçirdi. Ýaryş her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy hem-de 2019-njy ýylyň “Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlandy.
15.04
2019
Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda ikitaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça nobatdaky wezipelere garaldy.
13.04
2019
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
12.04
2019
Hajyýew Döwletdurdy Täçdurdyýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatmaly.
12.04
2019
Dädebaý Saparowiç Amangeldiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden bo-şatmaly.
12.04
2019
Myrat Rejepowiç Artykowy Türkmenistanyň energetika ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Owganystan Yslam Respublikasyndaky wekilhanasynyň baştutany wezipesinden boşatmaly.
12.04
2019
Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň ener-getika ministri wezipesinden boşatmaly.
12.04
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Japarguly Gulberdiýewiç Orazowyň üstüne ýüklenildi.
12.04
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi we amala aşyrylan işlere baha berildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy.