06.01
2019
Parižde ýerleşen Halkara sergiler edarasynyň Baş Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen saýlawlarda EKSPO 2025 Bütindünýä sergisiniň geçiriljek ýeri hökmünde Osaka-Kansaýyň saýlanandygyny Siziň Alyhezretiňize habar bermek meniň üçin uly hormatdyr. Türkmenistanyň beren goldawy üçin Ýaponiýanyň Hökümetiniň adyndan hoşallygymy beýan edýärin.
05.01
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbansoltan Amanowa Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
04.01
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisde mähriban halkymyzyň mundan beýläk hem abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy bilen bagly hem-de döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
04.01
2019
Gelip ýeten Täze ýyl maňa Size we Siziň ýurduňyza parahatçylyk, gülläp ösüş we bagt baradaky arzuwlarymy ibermek üçin ýakymly mümkinçilik döredýär.
03.01
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gunça Gurbangeldiýewna Orazgeldiýewa Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
02.01
2019
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Žair Bolsonara Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlagyny iberdi.
02.01
2019
Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
02.01
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
01.01
2019
Täze, 2019-njy ýylyň başlanmagy mynasybetli dünýäniň ähli halklaryna we tutuş adamzada parahatçylyk, howpsuzlyk, ösüş hem-de rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy Siziň Alyhezretiňize ýollamak meniň üçin uly şatlykdyr.
01.01
2019
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Magnitogorsk şäherinde ýaşaýyş jaýynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilikli hadysa zerarly, gynanç hatlaryny iberdi.