05.02
2019
Şu gün Söwda-senagat edarasynda Daşary işler ministrliginiň guramagynda halkara mediaforum geçirildi. Ol şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda boljak birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlandy.
04.02
2019
«Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagy düzgünleşdirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, orta hünär we ýokary hünär bilimi edaralarynyň uçurymlaryny işe ýollamagyň Düzgünnamasy tassyklanyldy.
01.02
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda geçen ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijeleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi hem-de ýerine ýetirilen işlere baha berildi. Şu ýyl halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy.
01.02
2019
Häzir men geçen 2018-nji ýylda gazanan netijelerimizi gysgaça jemlemek bilen, şu ýyl öňümizde duran, ileri tutulýan wezipeler barada durup geçmek isleýärin.
01.02
2019
Tahyrberdi Çaryberdiýewiç Dürhanowy Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministri wezipesine bellemeli.
01.02
2019
Resul Şyhdurdyýewiç Rejepowy Türkmenistanyň dokma senagaty ministri wezipesine bellemeli.
01.02
2019
Magtymguly Baýramdurdyýewi Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellemeli.
01.02
2019
Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradowy Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellemeli.
01.02
2019
Guwanç Halberdiýewiç Nurmuhammedowy Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory wezipesine bellemeli.
01.02
2019
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewe Senagat we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik etmek tabşyryldy.