12.08
2019
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin bilen duşuşygy boldy. Ol birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin uly wekiliýete baştutanlyk edip, ýurdumyza geldi.
12.08
2019
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedowyň arasynda duşuşyk boldy.
11.08
2019
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow bilen duşuşdy.
11.08
2019
Şu gün birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-bolgar hökümetara toparynyň dördünji mejlisi geçirildi.
11.08
2019
Şu gün birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleriniň çäklerinde Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda ulag ulgamynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň ulag düzümleriniň ýolbaşçy wekilleriniň duşuşygy geçirildi.
11.08
2019
Şu gün birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleriniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça degişli edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.
11.08
2019
Birinji HYF-nyň meýdançasynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Bütindünýä bankynyň düzümine girýän Halkara maliýe korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegine garaşylýar.
11.08
2019
Siziň Alyhezretiňiz, Size mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin, bu baýram gadymy döwürlerden bäri asyllylygyň, jomartlygyň hem-de hoşniýetliligiň nyşany hökmünde özbek we türkmen halklary tarapyndan giňden bellenilip gelinýär.
11.08
2019
Sizi birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtoserginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
11.08
2019
Sizi adamzadyň ahlak-edep ýörelgelerini, dogruçyllygy, hoşniýetliligi we päkligi ündeýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.